TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Aşgabatda çagalaryň tennis festiwaly geçiriler

Şu ýylyň 14-16-njy apreli aralygynda Olimpiýa şäherçesiniň tennis meýdançasynda Türkmenistanyň Tennis federasiýasy BMG-niň ÝUNISEF edarasy bilen bilelikde Çagalaryň tennis festiwaly geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär.

Bütindünýä saglyk güni mynasybetli geçirilýän bu çärä ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, şeýle hem ýurtda sporty has-da ýaýbaňlandyrmak maksady bilen geçirilýär.

Festiwalyň çäklerinde çagalaryň we ýetginjekleriň arasynda ýaryşlar guralar, dürli bäsleşikler geçiriler.

14-nji we 15-nji aprelde sagat 18:00-da “Açyk gapylar” günleri geçiriler, isleg bildirýänler tennis oýny bilen tanyşmak mümkinçiligine eýe bolup bilerler.

 

“Ahalyň” Çempionlar ligasyndaky ikinji duşuşygy şowsuz tamamlandy

Ýene-de okaň

Ýaşyl meýdançanyň ýyldyzynyň ekologiýa zyýany

Mançester derbisi: Holandyň we Fodeniň taryhy rekordy

Ata Watan Eserleri

Türkiýede IV Bütindünýä çarwa oýunlaryna badalga berildi

Teswirle