SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Aşgabatda Abu Aly ibn Sinanyň mirasyna bagyşlanan halkara maslahaty geçiriler

22-nji sentýabrynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde wise-premýer N.Amannepesow Saglygy goraýyş we derman senagaty, Bilim ministrlikleriniň hem-de Ylymlar akademiýasynyň bilelikde guramagynda «Gündogaryň meşhur akyldary we lukmany Abu Aly ibn Sinanyň umumadamzat ähmiýetli mirasy» atly halkara ylmy maslahatyny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe gabatlanyp, şu ýylyň 11-nji oktýabrynda meýilleşdirilýän utgaşykly görnüşdäki foruma ýurdumyzyň hünärmenleri bilen birlikde, daşary ýurtlaryň birnäçesinden alymlaryň, professorlaryň we mugallymlaryň gatnaşmagyna garaşylýar.

Bu ylmy maslahatyň halkara ylmy hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda, şeýle hem Abu Aly ibn Sinanyň köptaraply mirasyny, bitiren hyzmatlaryny açyp görkezmek babatynda ähmiýeti örän uly bolar.

Ýene-de okaň

Goşulyşmazlyk Hereketiniň lukmançylyk forumy Aşgabatda geçiriler

Türkmenistan bilen Ýaponiýa syýahatçylyk ulgamynda hyzmatdaşlyk eder

Türkmenistan bilen Germaniýa saglyk ulgamyndaky hyzmatdaşlygyny berkider

Plastiki hirurgiýa ugry boýunça saglygy goraýyş kömegini bermegiň tertibi tassyklandy

Baş Redaktor

Amerikanyň farmasewtika kompaniýasy Hytaýda zawod gurar

Türkmenistanyň nobatdaky saglyk ulgamyndaky üstünligi