«Türkmemawtoulaglary» agentligi Aşgabat şäherinde hereket edýän 40-njy we 113-nji belgili şäheriçi awtobuslaryň gatnawlaryna üýtgetme girizilendigini habar berdi.
Bellenilişi ýaly, 2023-nji ýylyň 29-njy martyndan başlap 40-njy «Gurtly – Parahat» we 113-nji «Awtokombinat – Gurtly» ugurlary Görogly köçesi bilen hereketini dowam edip Taslama köçäni kesip geçer. Olaryň Gurtly ýaşaýyş toplumyna tarap demirgazyklygyna üýtgedilen görnüşde hereket eder.
Bu üýtgetme «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasy tarapyndan, raýatlaryň awtomobil gatnawlaryna bolan isleglerini kanagatlandyrmak hem-de ýerine ýetirilýän awtoulag hyzmatlarynyň ýokary hilli we medeniýetli bolmagyny gazanmak maksady bilen durmuşa geçirildi.