TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Aşgabat we Moskwa Owganystanyň durnuklylygynyň tarapdary

Aşgabat we Moskwa Owganystanyň durnuklylygynyň tarapdary bolup çykyş edýär, diýip Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Aleksandr Blohin gurnan metbugat ýygnagynda belläp geçdi.

Rus diplomaty Tükrmenistanyň özüniň bitaraplyk syýasaty esasynda Owganystan bilen gatnaşyklaryny ösdürip, Owganystanyň ýolbaşçy gurluşyna garamazdan, owgan halkyna kömek berip gelýändigini belledi.

– Bu çemeleşme dogry. Sebäbi Owganystandaky syýasy we ykdysady kynçylyklardan halk ejir çekýär. Şonuň üçin, Türkmenistan bu çemeleşmeleri owgan halky üçin örän peýdalydyr – diýip, ilçi Blohin belledi.

Rus ilçisi Türkmenistanyň Owganystana amatly bahadan elektrik energiýasyny iberýändigini, ynsanperwer kömegini berýändigini, nebit önümleri bilen üpjün edýändigini belläp geçdi.

– Russiýanyň we Türkmenistanyň Owganystan boýunça çemeleşmeleri birmeňzeşdir. Biz hem Owganystanyň durnuklylygynyň tarapdarydyrys. Owganystana ynsanperwer kömeginiň berilmegini islýäris – diýip, ilçi belledi.

 

Russiýa Türkmenistandan alýan tebigy gazynyň möçberini artdyrýar

Ýene-de okaň

Wise-premýer Mämmedowanyň Fransiýadaky iş sapary

Tokaýew kasam kabul etdi

Türkmenistan Belarusa gynanç bildirdi

Teswirle