TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Aşgabat-Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň taslamasy

Ýakynda hormatly Prezidentimiz Aşgabat – Türkmenabat awtomobil ýoluny gurmak baradaky Karara gol çekdi. Karara laýyklykda, ABŞ-nyň  2,3 milliard dollaryna barabar bolan iri tasalamanyň gurluşygy 2023-nji ýyla çenli dowam eder. Onuň desgalarynyň taslamasyny düzmek hem-de olary ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak işleri Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Türkmen Awtoban» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine ynanyldy. «Türkmenistan» gazetiniň 14.01.2019 senesindäki habar görä,  şol birleşmäniň agzalary bolan «Altyn nesil», «Oguz ýol», «Hyzmat merkezi», hojalyk jemgyýetleri we «Nusaý ýollary» hususy kärhanasy esaslandyryjylaryň düzümine girýär. «Türkmen  Awtoban» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň baş direktory Aşyrmyrat Kulyýewiň aýtmagyna görä, bu taslama häzirki wagta çenli türkmen telekeçilerine ynanylan işleriň iň irisidir we gymmatlysydyr. Ol jemi ýedi gatlakdan, ýagny toprakdan, geotekstil düşeginden, çagyl-çäge we owradylan çäge garyndylaryndan öýjükli, gyzgyn iri däneli we gyzgyn ownuk däneli asfalt örtüklerinden ybarat bolar. Awtomobil ýolunyň başlangyjy Aşgabat – Daşoguz awtomobil ýolunyň 24-nji kilometrinde guruljak aýlaw görnüşli çatrykdan başlanyp, Türkmenabat şäheriniň Halkara howa menziliniň ýanynda guruljak deň derejeli aýlawly çatrygynda  tamamlanar. Onuň ugrunda uly töleg terminallarynyň 2-si, kiçi töleg terminallarynyň hem 6-sy bolar. Ýoluň ugry boýunça dükan we dermanhana, motel we naharhana, ýangyç guýujy beket, ulaglaryň dürli görnüşleri üçin  duralga meýdançalary, galyberse-de tehniki hyzmatlar üçin desgalar, ýaşyl meýdançalary gurmak göz öňünde tutulýar. Aşgabat – Türkmenabat awtomobil ýolunyň gurluşygyna şu aý badalga berler.

Ýene-de okaň

Serhetabat we Oguzhan etrap häkimlikleri ýatyryldy

Baş Redaktor

Farap we Döwletli etrap häkimlikleri ýatyryldy

Baş Redaktor

Daşoguz welaýatynda ady üýtgedilen we ýatyrylan etraplar

Baş Redaktor

Teswirle