TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Aşgabat-Stambul uçar gatnawlarynda täze möhlet

Ýadyňyzda bolsa ýakynda Türkmenistanyň uçar gatnawlary bilen baglanşykly  “Türkmenhowaýollary” agentliginiň Russiýadaky wekilhanasynyň https://turkmenistanairlines.ru    internet  saýtyna salgylanyp ýörite habary www.atavatan-turkmenistan.com saýtyna ýerleşdiripdik.

Şol habarda bu internet saýtynda Türkmenistanyň uçar gatnawlary barada her aýyň 15-20-lerine maglumat ýerleşdirilýändigini belläp, şol habary saýtymyza ýerleşdiren senämize, ýagny 24.08.2020 senesine çenli togtadylmagyň möhletiniň uzadylýandygy ýa-da uzadylmaýandygy barada habar ýerleşdirilmändigini üns çekipdik. Häzirki okap oturan  habaryňyzy saýtymyza ýerleşdirmezden öň şol ýokaryda agzalan saýty täzeden barladyk we Aşgabat ýerli sagat bilen 19:00 çenli goşmaça täzelik ýok.

Stambul gatnawlary barada täzelik

“Türkmenhowaýollary” agentliginiň Türkiýe döwletindäki  bilet satyş wekilhanasyny bolup durýan Hakim Turizm Akyıldızlar Dış Ticaret Ltd şti tarapyndan “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň  www.atavatan-turkmenistan.com saýtyna gelip gowşan maglumata görä, “Dünýäde ýiti öýken sowuklama keselini döredýän ýokanç kesel bolan COVID19 koronawirusyň köpçülikleýin ýaýramagyny we dartgynly epidemiologiki  ýagdaýyň dowam etmegini nazara alyp, “Türkmenistan” awiokompaniýasy Aşgabat-Stambul / Ankara-Aşgabat ugry boýunça uçuşlaryny 01 Oktýabr 2020 senesine çenli togtatdy” diýlip bellenilýär. Degişli suraty bu habaryň ahyrynda görip bilersiňiz!

Stambul we beýleki ugurlar boýunça uçuşlar, şeýle hem Türkmenistan baradaky beýleki habarlardan gyzgyny bilen habardar bolmak isleseňiz, onda, biziň saýtymyza we jemgyýetçilik tor hasaplarymyza ýazylyň!

Bu habary hem okaň!

Halkara gatnawlarda Stambuldan soňra beýleki ugurlar

 

Bäsleşik : 25 baýrak we jemi 25.000,00 manat möçberinde pul baýraklary

Türkmenistanyň halkara howa gatnawlary başlaýarmy?

 

dünýäde bolup geçýän wakalar bilen baglanşykly habarlary okamak üçin

Resmi  hasaplarymyz:

Bu hasaplarymyza girmek üçin hasaplaryň ady ýazylan gök ýere basyň ýa-da hasaplara degişli suratlara basyň!

Linkedin hasabymyz

Facebook Hasabymyz

 

Instagram hasabymyz

Twitter hasabymyz

Habarlarymyzy IMO hasabyndan okamak üçin +993 65 80 24 70 belgili telefondan goşulyň

 

Saglyk we COVID19 baradaky habarlar

Ýyldyzlar näme diýýän okyjylarymyz üçin Täleýnama sahypasy

Ýene-de okaň

Ýaponiýaly işewürler : “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy bilen gyzyklanýar

Baş Redaktor

Awaza :ýörite wiza tertibini işläp düzmek we girizmek meseleleri öwreniler

Baş Redaktor

THY-den Aşgabat ugry boýunça goşmaça ýörite uçar gatnawy

Teswirle