TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Aşgabat-Stambul-Türkmenbaşy ugruna ilkinji adaty uçar gatnawy amala aşyrylýar

Şugün Türkmenistan-Türkiýe ugruna adaty reýsleriň täzeden ýola goýulmagyndan soňra ilkinji uçar gatnawy amala aşyrylýar. Günüň ikinji ýarymynda “Türkmenistan” awiakompaniýasynyň uçary, Aşgabadyň halkara howa menzilinden  Stambula tarap hereket etdi. Bellemeli zat, Aşgabat-Stambul ugry boýunça bilediň bahasy 6825 manata barabardyr. Ozal hem habar berşimiz ýaly, bu gatnawlar üçin biletleri “Türkmenistan” awiakompaniýasynyň  Türkmenistandaky kassalaryndan satyn almak bolar. Türkiýeden bilet almak üçin Stambuldaky howa menzilinde ýerleşýän “Türkmenistan” awiakompaniýasynyň kassalaryna ýüz tutup bolar.  Bilet satyn almak üçin Baş konsullygyň sanawynyň zerurlygy ýok we gönüden-göni Stambuldaky “Türkmenistan” awiakompaniýasynyň kassalaryndan satyn alyp bolýar. Şu wagtdaky ýagdaýda onlaýn  bilet satuwynyň ýokdygyny bellemek isleýäris. Stambul-Türkmenbaşy ugry boýunça bilediň bahasy 403 dollara barabardyr.

Istanbul howa menziliniň web saýtynda berilen maglumata görä, Aşgabat şäherinden gelýän uçar  ýerli wagt bilen 20:55-de Stambulyň howa menziline gelip gonar.  Stambuldan Türkmenbaşy ugruna bolsa, 22:15-de uçmagyna garaşylýar.

Stambul- Türkmenbaşy ugry boýunça biletiň bahasy daşary ýurt raýatlary üçin  ekonom klas 553 dollar, biznes klas üçin 753 dollar, Aşgabat -Stambul ugry boýunça bolsa, ekonom klas 550 dollar, biznes klas 750 dollara barabardyr.

Mälim bolşy ýaly geçen aý Stambuldan Türkmenistan ugruna jemi 17 sany ýörite uçar gatnawy amala aşyrylypdy. Bu ay bolsa, adaty uçar gatnawlarynyň başlamagy bilen diňe Türkmenistan awiakompaniýasy hepdede 4 gezek, Oktýabr aýy boýunça jemi 16 reýs amala aşyrar. Häzirki maglumatlara görä, Türk howa ýollary awiakompaniýasy hepdede 3 gezek, Oktýabr aýy boýunça jemi 14 sany çarter reýs amala aşyrylar. Häzirki wagtda Türk howa ýollarynyň Türkmenistan ugruna uçar gatnawlarynyň adaty däldigini, çarterdigine üns çekmek bilen ýakynda günlerde bu uçar gatnawlarynyň hem adaty gatnaw bolmagyna garaşylýandygyny ýatladýarys. Bu barada anyk maglumat gelende biz size goşmaça habar bereris.

Şu ýerde öň habar berişimiz ýaly, Belarus ugruna adaty uçar gatnawynyň 15 Oktýabrda başlaýandygyny ýene ýatlatmak isleýäris. Biletiň bahasy  Aşgabat-Minsk ugruna 6825 manatdygyny bellemek isleýäris.

 

Ýene-de okaň

Maýmyn mama keseliniň ady üýtgedildi

Daşoguz welaýatyna syýahat otlusy guraldy

Ata Watan Eserleri

Hindistana barjak daşary ýurtlular üçin täze düzgünler

Teswirle