TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
IŞ ORUNLARY & TENDERLER

«Aşgabat-siti»: maslahat beriji kompaniýalary üçin halkara bäsleşik

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi «Aşgabat-siti» ýaşaýyş toplumynyň gurluşygynda sanlylaşdyrmagyň ýokary tehnologiýaly ulgamyny ornaşdyrmak üçin bu ugurda baý tejribesi bolan maslahat beriji kompaniýalary işe çekmek üçin HALKARA BÄSLEŞIK yglan edýär. Bu barada “Türkmenistan” gazetinde bildiriş çap edildi.

Gyzyklanma bildirýän taraplaryň haýyşnamalary we teklipleri Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 84-nji jaýynda ýerleşýän Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň «Aşgabat-siti» Gurulýan desgalaryň direksiýasynyň daşary ykdysady gatnaşyklar bölüminde bellenilen tertipde kabul edilýär we resmileşdirilýär. 2022-nji ýylyň9-njy fewralyna çenli kabul edilýär.

Habarlaşmak üçini telefon belgisi: +99312 44-45-53,

faks belgisi: +99312 44-45-15.

Elektron salgysy:ashgabatcitywes@gmail.com

 

«Aşgabat-siti» üçin Halkara bäsleşik

Ýene-de okaň

«EKSPO-2025»:Türkmenistanyň milli pawilýonynyň taslamasyny düzmek

Halkara bäsleşik: tor ulgamyny gurnamak

Petronas kompaniýasy işe çagyrýar

Teswirle