BILIM

Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebi: Talyp:2021

S.A.NYÝAZOW ADYNDAKY TÜRKMEN OBA HOJALYK UNIWERSITETINIŇ AŞGABAT ŞÄHERINDÄKI AGROSENAGAT ORTA HÜNÄR OKUW MEKDEBI
2021/2022-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýär:

1. Oba hojalygynyň mehanizasiýasy.
2. Buhgalterçilik hasaba alnyşy.
3. Ykdysadyýet we meýilnamalaşdyryş.
4. Gidromeliorasiýa.
5. Weterinariýa.
6. Ýer ulanylyşy.
7. Maglumat ulgamlary.
8. Oba hojalyk önümleriniň tehnologiýasy we gaýtadan işlenilmegi.
9. Pagtany ilkinji işläp taýýarlamagyň tehnologiýasy.
10. Dänäni saklamagyň we gaýtadan işlemegiň tehnologiýasy.
11. Çörek, süýji we unaş önümleriniň tehnologiýasy.
12. Turşatma önümçiliginiň we çakyryň tehnologiýasy.
13. Ösümlikleri goramak.
14. Tokaý we seýilgäh hojalygy.
15. Agrohimiýa.
Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebine Türkmenistanyň umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.
Okuwyň möhleti 2 ýyl.
Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebinde okuwlar tölegli esasda alnyp barylýar.
Resmi iş kagyzlary Aşgabat şäherinde we welaýatlaryň merkezlerinde 2021-nji
ýylyň 12-nji iýuly — 14-nji awgusty aralygynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:
— bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza;
— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
— bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy);
— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan
bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;
— bellenilen nusga boýunça okuw üçin tölegi öz wagtynda amal etmegiň kepil haty;
— 3×4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;
— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;
— okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.
Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:
— şahsy pasportyny;
— harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.
Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan
peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.
Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.
Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba
hojalyk uniwersitetiniň Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebinde (Aşgabat ş.) we welaýat merkezlerinde aşakdaky möhletlerde geçirilýär:
Daşoguz welaýaty — awgust aýynyň 17-si güni;
Lebap welaýaty — awgust aýynyň 19-y güni;
Balkan welaýaty — awgust aýynyň 21-i güni;
Mary welaýaty — awgust aýynyň 23-i güni;
Ahal welaýaty — awgust aýynyň 25-i güni;
Aşgabat şäheri — awgust aýynyň 27-si güni.
Giriş synaglary aşakdaky okuw dersleri boýunça geçirilýär:
hünärler: dänäni saklamagyň we gaýtadan işlemegiň tehnologiýasy; pagtany
ilkinji işläp taýýarlamagyň tehnologiýasy
— himiýa, fizika, Türkmenistanyň taryhy;
hünärler: ykdysadyýet we meýilnamalaşdyryş; buhgalterçilik hasaba alnyşy —
matematika, biologiýa, Türkmenistanyň taryhy;
hünärler: çörek, süýji we unaş önümleriniň tehnologiýasy; turşatma önümçiliginiň we çakyryň tehnologiýasy;
oba hojalyk önümleriniň tehnologiýasy
we gaýtadan işlenilmegi; ösümlikleri
goramak; weterinariýa; agrohimiýa;
tokaý we seýilgäh hojalygy — himiýa,
biologiýa, Türkmenistanyň taryhy;
hünärler: maglumat ulgamlary; ýer
ulanylyşy; gidromeliorasiýa; oba hojalygynyň mehanizasiýasy — matematika, fizika, Türkmenistanyň taryhy.
Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.
Okuw dersleri boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.
Giriş synaglarynyň tertibinde bellenen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.
Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul
edilmek üçin artykmaç hukukdan:
— soňky 2-3 ýylyň dowamynda ýokary
netijeler gazanan we etrap häkimligi tarapyndan degişli hünärlere hödürlenen kärendeçiler we mülkdarlar;
— “Bilim hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen
düzgünlere laýyk gelýänler peýdalanýarlar.
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň salgysy: Aşgabat ş., 2009-njy (Görogly) köçe, 143, tel.: 34-92-19, 34-91-24.

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň https://www.atavatan-turkmenistan.com/ internet saýty ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine dalaşgärlerden resminamalarynyň kabul edişlik tertibini saýtymyzyň “Talyp-2021” sahypasyna gelip, ýokary okuw jaýlaryna degişli ähli habarlary aňsatlyk bilen tapyp, gyzgyny bilen okap bilersiňiz. Köp sanly talyplyga dalaşgär ýaş oglan we gyzlaryň we olaryň ene-atalarynyň bu habardan “habarly” bolmagyny, şeýle hem resminamalary tabşyrmak üçin gerekli maglumatlara elýeterli bolmagyny gazanmak üçin bu habarymyzy IMO we beýleki hasaplarda paýlaşmagyňyzy haýyş edýäris.

Size “habar” geler ýaly, biziň IMO hasabymyzy (+99365802470) yzarlaň, Instagram hasabymyza (@atavatanturkmen ň ýazylyň we Google Plaý Marketden şu ýere basyp ýa-da “Atavatan Türkmenistan” ýazyp mobil goşundymyzy mugt ýükläp alyň!

Diplom ykrar etmek we daşary ýurtda bilim almak boýunça Resminamalaryň Terjimesi üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkezi

“Makul Terjime”  telefony:

+993 63 78 96 73 & : + 993 12 96 48 55

Aşkabat, Oguzhan (Aýtakow)-Ankara (Ýubileýni) köçesi, A Blok, Makul Hyzmat Ofis, 4-nji gat, 401

E-mail salgysy : makulhyzmat@gmail.com

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň lukmançylyk uniwersiteti Aziýa uniwersitetleriniň assosiýasiýasyna agzalyga kabul edildi

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri daşary ýurtly hyzmatdaşlary bilen ähtnamalara gol çekdiler

Ata Watan Eserleri

Russiýanyň uniwersitetleri Aşgabatdaky sergä gatnaşýar

Himiýa boýunça Nobel baýragyny gazananlar belli boldy

Ata Watan Eserleri

Türkiýeden 90 uniwersitet abraýly ýokary okuw mekdepleriniň sanawyna girdi

Ata Watan Eserleri

Dünýäniň abraýly ýokary okuw mekdepleri-2025: Türkmenistandan 13 habarçy agza