TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Aşgabat şäher häkimliginiň resmi web saýty döredildi

 

Ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda sanly ulgamy ornaşdyrmak bilen bagly degişli işler alnyp barylýar. Şeýle işleriň netijesinde, täze resmi web sahypalary yzygiderli açylýar. Ynha, ýurdumyzda ýene-de bir resmi web sahypa döredildi.

Ol hem Aşgabat şäher häkimliginiň resmi web saýtydyr. Oňa «ashgabathakimlik.gov.tm» salgysy bilen birikmek mümkindir. Resmi web saýt 5 bölümden ybarat bolup, olar «şäher, häkimlik, tölegler, habarlar, maglumat» diýip atlandyrylandyr.

Aşgabat şäher häkimliginiň resmi web saýtynda 3 dilde ýagny türkmen, rus hem-de iňlis dilinde maglumatlar ýerleşdirilendir. Saýtda ýurdumyzda bolup geçýän syýasy hem-de medeni habarlar, şeýle-de merjen şäherimiz Aşgabadyň ajaýyp suratlary, wideo rolikleri, hyzmatlar ýerleşdirilipdir.

Foto Habarlar Sahypamyz

Ýurdumyzyň gözel künjegine degişli fotosuratlary bu sahypadan tapyp bilersiňiz!

Ýene-de okaň

Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň Başlygy Sahiba Gafarowa Türkmenistanyň ýokary sylagy bilen sylaglandy

Ata Watan Eserleri

Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň başlygynyň Aşgabada sapary

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan Russiýanyň Merkezi Aziýadaky strategik hyzmatdaşy

Teswirle