BILIM

Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebi: Talyp:2021

TÜRKMENISTANYŇ GURLUŞYK WE BINAGÄRLIK MINISTRLIGINIŇ AŞGABAT GURLUŞYK ORTA HÜNÄR OKUW MEKDEBI
2021/2022-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýär:

1. Senagat we raýat jaý gurluşygy.
2. Gurluşyk materiallaryny we demirbeton konstruksiýalaryny öndürmegiň tehnologiýasy.
3. Amaly geodeziýa.
4. Suw üpjünçiligi we lagym suwlaryny akdyryş.
5. Energiýa hojalygy we elektrik üpjünçiligi.
6. Awtomobil ýollarynyň we aerodromlaryň gurluşygy we ulanylyşy.
7. Ykdysadyýet we meýilnamalaşdyryş.
8. Binagärlik.
9. Buhgalterçilik hasaba alnyşy.
10. Guýulary barlamagyň geofiziki usullary.
11. Nebit we gaz känlerini işläp geçmek.
12. Maglumaty işläp taýýarlamagyň we dolandyrmagyň awtomatlaşdyrylan ulgamlary.
13. Gozgalmaýan emläkleriň ekspertizasy we dolandyrylyşy.
14. Ýylylyk, gaz üpjünçiligi we howa çalşygy.
Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebine Türkmenistanyň umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.
Okuwyň möhleti 2,5 ýyl.
Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebinde okuwlar tölegli esasda alnyp barylýar.
Resmi iş kagyzlary Aşgabat şäherinde we welaýat merkezlerinde 2021-nji ýylyň 12-nji iýuly 14-nji awgusty aralygynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:
— bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza;
— bellenilen nusgadaky sowalnama
(anketa);
— bilimi baradaky resminama (asyl
nusgasy);
— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we
derman senagaty ministrligi tarapyndan
bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;
— bellenilen nusga boýunça okuw üçin
tölegi öz wagtynda amal etmegiň kepil haty;
— 3×4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;
— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;
— okuw dersleri boýunça mekdep
okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar. Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:
— şahsy pasportyny;
— harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri
boýunça harby wekillikden güwähatyny.
Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.
Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.
Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebinde (Aşgabat ş.) we welaýat merkezlerinde aşakdaky möhletlerde geçirilýär:
Daşoguz welaýaty — awgust aýynyň 17-si güni;
Lebap welaýaty — awgust aýynyň 19-y güni;
Balkan welaýaty — awgust aýynyň 21-i güni;
Mary welaýaty — awgust aýynyň 23-i güni;
Ahal welaýaty — awgust aýynyň 25-i güni;
Aşgabat şäheri — awgust aýynyň 27-si güni.
Giriş synaglary aşakdaky okuw dersleri boýunça geçirilýär:
hünär: binagärlik — surat we grafika,
matematika, Türkmenistanyň taryhy;
beýleki hünärler — fizika, matematika, Türkmenistanyň taryhy.
Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.
Okuw dersleri boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.
Giriş synaglarynyň tertibinde bellenen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.
Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan “Bilim hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýän dalaşgärler peýdalanýarlar.
Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebiniň salgysy: Aşgabat ş., Türkmenistanyň Gahrymany Gurbansoltan eje şaýoly, 10, tel.: 28-07-74, 28-20-03, 28-08-82

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň https://www.atavatan-turkmenistan.com/ internet saýty ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine dalaşgärlerden resminamalarynyň kabul edişlik tertibini saýtymyzyň “Talyp-2021” sahypasyna gelip, ýokary okuw jaýlaryna degişli ähli habarlary aňsatlyk bilen tapyp, gyzgyny bilen okap bilersiňiz. Köp sanly talyplyga dalaşgär ýaş oglan we gyzlaryň we olaryň ene-atalarynyň bu habardan “habarly” bolmagyny, şeýle hem resminamalary tabşyrmak üçin gerekli maglumatlara elýeterli bolmagyny gazanmak üçin bu habarymyzy IMO we beýleki hasaplarda paýlaşmagyňyzy haýyş edýäris.

Size “habar” geler ýaly, biziň IMO hasabymyzy (+99365802470) yzarlaň, Instagram hasabymyza (@atavatanturkmen ň ýazylyň we Google Plaý Marketden şu ýere basyp ýa-da “Atavatan Türkmenistan” ýazyp mobil goşundymyzy mugt ýükläp alyň!

Diplom ykrar etmek we daşary ýurtda bilim almak boýunça Resminamalaryň Terjimesi üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkezi

“Makul Terjime”  telefony:

+993 63 78 96 73 & : + 993 12 96 48 55

Aşkabat, Oguzhan (Aýtakow)-Ankara (Ýubileýni) köçesi, A Blok, Makul Hyzmat Ofis, 4-nji gat, 401

E-mail salgysy : makulhyzmat@gmail.com

Ýene-de okaň

Türkmenistan-ÝB: bilim ulgamynda netijeli hyzmatdaşlyk

Türkmen ýaşlaryna Russiýada okamak mümkinçiligi

Türkmenistanly okuwçylar 397 medal gazandylar

ABŞ-nyň uniwersitetiniň şahamçasyny Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde açmak meýilleşdirilýär

ABŞ-nyň Kent döwlet uniwersitetiniň Türkmenistanda şahamçasy açylyp biler

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri bilen ABŞ-nyň Kent uniwersiteti ähtnama gol çekişdi

Ata Watan Eserleri