TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Aşgabat – gülleýän şäher

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşine gönükdirilen milli we döwlet maksatnamalary üstünlikli berjaý edilýär. Halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň maliýe-ykdysady mümkinçilikleriniň kämilleşdirilmegi ýerli çig mal we zähmet serişdeleriniň netijeli ulanylmagyna ýardam edýän şertleri has-da artdyrdy. Döwletiň we hususy ulgamyň serişdeleriniň, daşary ýurt maýadarlarynyň hasabyna özleşdirilýän maýa goýumlarynyň möçberi hem sanlyja ýylyň içinde has-da artdy.

Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde sanlyja ýylyň içinde gurulýan senagat-önümçilik desgalary, ýaşaýyş jaýlary, çagalar baglary, mekdepler, saglygy goraýyş we  medeniýet öýleri, sport merkezleri, täsinligi bilen haýran galdyrýan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy, ak şäherimiz Aşgabadyň ösüşleri, şeýle hem, dünýäniň we sebitiň ösüşine uly ýardam edýän halkara derejeli iri taslamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagy türkmen döwletiniň ösüş ýolunyň netijeliligini, maliýe ulgamynyň kämil derejelere ýetirilendigini şertlendirýär. Berkarar Diýarymyz häzirki wagtda dünýäniň ykdysady taýdan kuwwatly döwletleriniň hataryna üstünlikli goşuldy.

Her ýylda yzygiderli gurlup ulanylmaga berilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly binalar, ýaşaýyş toplumlary bilen ak mermerli paýtagtymyz barha kämil görnüşe eýe bolýar. Şunda bina edilýän desgalaryň aglaba böleginiň ýaşaýyş toplumlarydygyny aýratyn bellemek gerek. Paýtagtymyzy ösdürmegiň 11, 12, 13, 14, 15, 16-njy tapgyrlarynyň çäklerinde bina edilen Çoganly, Parahat 7 ýaly döwrebap ýaşaýyş toplumlary ýurdumyzda mähriban halkymyzyň abadan ýaşaýşynyň ýokary derejesiniň üpjün edilýändiginiň aýdyň görkezijisi bolup durýar.

Ýakynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzyň Bagtyýarlyk etrabynda ýerleşýän Çoganly ýaşaýyş toplumyndaky Içeri işler ministrliginiň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky ýaşaýyş jaý toplumynyň nobatdaky tapgyry dabaraly ýagdaýda açyldy. Şeýlelikde, Aşgabadyň binagärlik toplumynyň üsti döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň täze tapgyry bilen ýetirildi. Bilşimiz ýaly, ak şäherimiziň demirgazyk künjegi häzirki wagtda batly depginler bilen ösýär. Ýakyn geljekde «Aşgabat-siti» taslamasynyň durmuşa geçirilmegi bilen, bu ýerlerde sanly ulgamyň mümkinçiliklerine daýanýan «akylly şäher» emele geler.

«Aşgabat-sitide» milli we döwrebap binagärlik äheňleri sazlaşyp, ýaşamak üçin ähli amatly şertler dörär. Ýurdumyzyň raýatlarynyň döwrebap, özboluşly iri ýaşaýyş toplumy bilen tanyşmaklary hem-de garaýyşlaryny beýan etmekleri üçin «Aşgabat-siti» portaly hem döredildi. Bu portalda islendik adam, islendik ýerden el telefonlary, planşetler arkaly internet ulgamynyň üsti bilen «Aşgabat-sitä» gaýybana syýahat edip, teswirlerini ýazyp biler.

Iri ýaşaýyş toplumynyň esasy aýratynlyklarynyň biri-de bu ýerde sanly ulgamyň mümkinçilikleriniň iň soňky gazananlarynyň işjeň ulanylmagydyr. Döwrebap şäheriň taslamasy ýerine ýetirilende, bu mümkinçiliklere uly üns berildi. Aşgabat şäherini ösdürmegiň 16-njy tapgyrynyň çäklerinde gurlan has oňaýly ýaşaýyş jaýlarynda bu serişdeleriň ulanylmagy, ol ýerde ýaşaýan ýaşaýjylaryň wagtlaryny tygşytlamakda möhüm orun eýeledi. Geljekde bu iş «Aşgabat-sitide» has hem giňişleýin ulanylar. Ýaşaýjylar üçin döwrebap ýaşaýyş şertleri dörediler.

Orazmyrat  Ýaranow,

S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyñ mugallymy.
https://www.atavatan-turkmenistan.com/gumruk-ulgamynda-bir-penjire-ulgamyny-ornasdyrmak/

Ýene-de okaň

Kompýuteriň programma üpjünçiligi

Ýürek joşguny

Ata Watan Eserleri

Köýtendag täsinlikleriň jülgesi

Teswirle