TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
MEDENIÝET

Aşgabat barada aýdym döretmek bäsleşigi

Milli Liderimiz paýtagtymyz boýunça amala aşyran saparynyň çäklerinde gözel künjekleriniň birinde bina edilýän we Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramy mynasybetli ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän Söwda we dynç alyş merkezli desgalar toplumynyň gurluşygynyň alnyp barylýan ýerine geldi.

Bu ýerde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy D.Hudaýberdiýew döwlet Baştutanymyza Söwda we dynç alyş merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler, toplumyň çäginde bina edilýän desgalar we olaryň aýratynlyklary, aýratyn-da, bu ýerde bina edilýän ýaşaýyş jaýlarynda döredilýän mümkinçilikler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ilki bilen ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy, olaryň bezeg aýratynlyklary bilen tanyşdy. Bellenilişi ýaly, bu ýerde öýleriň we otaglaryň hemmesi ýaşaýjylaryň sargytlary esasynda abadanlaşdyrylýar. Ýaşaýyş jaýlarynyň käbir öýleriniň meýdany 638 inedördül metre barabardyr. Ýeri gelende aýtsak, ýaşaýyş jaýlarynda köp çagaly maşgalalar üçin niýetlenen 6 we 7 otagly öýleriň bardygyny aýratyn bellemeli.

Şeýle hem aşhanalaryň, myhman otagynyň, ýatylýan otaglaryň, çagalar üçin niýetlenen otaglaryň abadanlaşdyrylyşy, şol sanda otaglary sanly ulgam bilen enjamlaşdyrmak, mebeller bilen üpjün etmek gönüden-göni ýaşaýjylaryň sargytlary esasynda amala aşyrylýar.

Soňra döwlet Baştutanymyz toplumyň çäginde gurulýan sebitde iri Söwda we dynç alyş merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Bu ýerde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna merkezde gurulýan binalaryň aýratynlyklaryna, olaryň içki we daşky bezeg işlerine, ulanylýan gurluşyk serişdelerine degişli taslamalar görkezildi.

Şeýle hem bu ýerde oturdylan monitorda toplumyň umumy görnüşi barada giňişleýin maglumat berýän şekiller, toplumyň çäginde oturdylýan suw çüwdürimleriniň işleýiş aýratynlyklaryny beýan edýän görnüşler görkezildi. Suw çüwdürimleriniň işinde häzirki zamanyň sanly tehnologiýasy işjeň ulanylyp, olaryň hereketi joşgunly sazlar bilen utgaşdyrylýar.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabadyň dürli döwürlerde döredijilik işgärleriniň, aýdymçylaryň we kompozitorlaryň täze eserleri döretmäge ruhlandyrandygyny, şeýlelikde, paýtagtymyz hakyndaky birnäçe çeper eserleriň, aýdymlaryň döredilendigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz şu ýagdaýlardan ugur alyp, şäheriň gözel künjekleriniň birinde bina edilýän we birnäçe durmuş maksatly desgalary özünde jemleýän bu toplumyň “Aşgabat” diýlip atlandyrylmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi, munuň paýtagtymyzyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyna mynasyp sowgat boljakdygyny aýdyp şäher häkimine degişli tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Aşgabat dürli döwürlerde sungat ussatlarynyň ylham çeşmesine öwrüldi. Taryhyň dowamynda Aşgabat şäherini wasp edýän birnäçe sungat eserleri döredildi. Diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, onuň daşynda hem uly meşhurlyk gazanan Myrat Sadykowyň Aşgabady wasp edýän aýdymy köp nesilleriň ýadyndadyr.

Häzirki döwürde hem Aşgabady wasp edýän aýdymlaryň sany barha artýar. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda giňden tanalýan sungat ussatlary A.Garýagdyýew, S.Orazberdiýew, P.Amandurdyýew we beýleki bagşy-sazandalar, estradaçylar ýurdumyzyň baş şäheriniň wasp edýän aýdymlary döretdiler we ol eserler halkymyzyň söýgüsine mynasyp boldy diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Döwlet Baştutanymyz “Türkmenistan –parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygary astynda geçýän mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň we Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy bilen gabat gelýändigini, onuň giňden baýram ediljekdigini belläp, bu şanly sene mynasybetli medeniýet we sungat işgärleriniň arasynda döredijilik bäsleşiginiň guralmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz ak mermerli Aşgabada bagyşlanyp dörediljek aýdymyň goşgusynyň, sazynyň we aýdymy ýerine ýetirijiniň sazlaşygyndan döremelidigini aýdyp, onuň halkymyzyň belent ruhuna kybap gelmelidigini, onda paýtagtymyzyň ilatynyň bagtyýar durmuşynyň öz beýanyny tapmalydygyny belledi.

Milli Liderimiz Aşgabat hakynda dörediljek aýdymlar paýtagtymyzyň gözel keşbini suratlandyrýan şekiller bilen utgaşdyrylmalydygyny, bäsleşigiň ýeňijileriniň Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” döredijilik bäsleşiginiň ýeňijisi hökmünde yglan edip, ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan sylaglanmalydyny belledi we bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

 

Dünýä Sahypamyz

Dünýäde bolup geçýän wakalardan habarly bolmak-bu döwrüň talaby!

 

 

Ýene-de okaň

«Gyzyl kürte» filmi Gazagystanda görkeziler

Hytaýyň çaý medeniýeti ÝUNESKO-nyň sanawynda

Aşgabatda halkara aýdym-saz festiwaly açyldy

Teswirle