SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Aşgabat ― Milan ― Aşgabat uçar gatnawy ýola goýuldy

Aşgabat Halkara howa menzilinden dünýä şäherleriniň ýene birine ― Italiýanyň Milan şäherine göni uçar gatnawy ýola goýuldy. Mundan beýläk Aşgabatdan Italiýanyň bu gadymy we döwrebap şäherine göni howa gatnawy bilen baryp bilersiňiz. Bu uçuş siziň üçin Ýewropanyň iň owadan we döwrebap şäherleriniň birine baryp görmek üçin bahasyna ýetip bolmajak sowgada öwrüler.

Milan diňe bir döwrebap taslamalaryň we geýim industriýasynyň merkezi bolmak bilen çäklenmän, eýsem, baý medeniýeti hem bolan şäherdir. Bu ajaýyp şäherde size meşhur Duomo ybadathanasyna baryp görmek, Brera muzeýindäki çeperçilik sungatynyň naýbaşy eserlerini synlamak, La Skala opera binasyny görmek ýaly täsinlikleriň ençemesi garaşýar.

Ykdysadyýeti we döwrebaplygy bilen öňe saýlanýan şäherleriň biri bolan Milan Ýewropanyň megaşäherleriniň içinde ösüşi iň okgunly merkezleriň hatarynda. Şonuň üçin hemmeleri bu ajaýyp şähere syýahat etmäge çagyrýarys. Öýňüzde oturan ýeriňizden bilet alyp, Ýewropanyň iň owadan şäherine syýahat ediň!

Şu arzuwlaryňyzyň ählisini amal etmek üçin «Türkmenistan» awiakompaniýasy size hepdede iki gezek Aşgabat ― Milan ― Aşgabat ugry boýunça ýokary derejeli we elýeter bahaly göni uçuşlary hödürleýär. Bu ugur boýunça biletleri onlaýn görnüşde-de, kassalardan hem satyn alyp bilersiňiz. Size ýakymly pursatlary bagyşlajak Milan şäherine gezelenç etmek mümkinçiligini deňiňizden geçirmäň!

Ýene-de okaň

Jons Hopkins uniwersitetiniň lukmançylyk mekdebi mugt bolar

«Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitap pars diline terjime ediler

Türkiýäniň Ysparta şäherine hasyl möwsüminde baryp görüñ!

Ata Watan Eserleri

Yslam ösüş banky Türkmenistandaky onkologiýa merkezleriniň gurluşygyny maliýeleşdirer

«Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasyna «Hil ulgamynyň laýyklyk sertifikaty» berildi

«Türkmenhowaýollary» agentligi Kuala-Lumpur şäherine ýolagçy gatnawyny artdyrýar