JEMGYÝET

Aşgabadyň binalary öwüşginli yşyklar bilen bezelýär

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň hem-de saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi.

Milli Liderimiz, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň paýtagtymyza gözegçilik edýän orunbasary Ş.Durdylyýewi we Aşgabat şäheriniň häkimi Ý.Gylyjowy göni aragatnaşyga çagyrdy.

Häkim şu günler paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyklaryň depginleri barada hasabat berdi. Şeýle hem Aşgabadyň 140 ýyllyk baýramy mynasybetli meýilleşdirilen çärelere görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berildi.

Şeýle hem häkim Aşgabadyň 140 ýyllygy mynasybetli şäheriň baýramçylyk meýdançalarynyň, käbir binalarynyň dürli öwüşginli yşyklar bilen bezelişiniň görnüşlerini hem-de şekillerini görkezdi.

Häzirki döwürde ýurdumyzyň baş şäheri milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli tagallasy netijesinde, ak guw ýaly binalary, gözel keşbi, şäher ilaty we onuň myhmanlary üçin döredilen amatly şertleri bilen ösüşiň belentliklerine tarap ynamly gadam urýar. Ginnesiň rekordlar kitabynda möhüm orun eýelän ak mermerli şäheriň gündizleriniň ýakymly bolşy ýaly, paýtagtymyzyň agşamky görnüşlerinde hem özboluşly gözellik bar.

Şanly sene mynasybetli häzirki zamanyň yşyklandyryş ulgamynyň, täzeçil tehnologiýalaryň kömegi arkaly dörediljek älemgoşar öwüşginli gözellik halkymyzyň buýsanjyna buýsanç goşar. Munuň özi 140 ýyllyk şanly baýramyny mynasyp derejede garşylaýan şäheriň bezeg aýratynlyklaryna, onuň arassaçylygyna, abadançylygyna möhüm ähmiýet berilýändiginiň aýdyň beýany bolup durýar.

Şonuň ýaly-da, tomusky dynç alyş möwsümine taýýarlyk görmek barada hem aýdyldy.

 

Howa maglumaty: 4-nji maý 2021

Ýene-de okaň

Türkiýäniň wise-prezidenti Arkadag şäherine baryp gördi

Ata Watan Eserleri

Jewdet Ýylmaz: türkmen tebigy gazyny dünýä bazaryna çykarmakda hyzmatdaşlyga taýýardyrys

Ahalteke atçylyk sungaty ÝUNESKO-nyň sanawynda

Hökümetara türkmen-türk toparynyň 7-nji mejlisi geçirildi

Jewdet Ýylmaz: Türkmenistan esasy söwda hyzmatdaşymyz

Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi badalga aldy

Ata Watan Eserleri