TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Aşgabadyň 140 ýyllygy dabaraly bellener

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow  sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýewe hem-de Aşgabat şäheriniň häkimi Ý.Gylyjowa ýüzlenip, paýtagtymyzyň ýurdumyzyň durmuşyndaky ähmiýetine ünsi çekdi. Häzirki döwürde Aşgabat dünýäniň iň owadan şäherleriniň biridir. Ýurdumyzyň syýasy, durmuş-ykdysady, ylmy merkezi bolup durýar. Tehnologik ösüşiň we innowasiýalaryň milli merkezi, şeýle hem döwletimiziň bilim we medeni merkezidir.

Aşgabadyň özboluşly desgalary Ginnesiň rekordlar kitabyna 11 gezek girizildi. Munuň özi ýurdumyzyň baş şäherinde amala aşyrylýan özgertmeleriň tutuş dünýä üçin nusga alarlyk mysaly bolup durýar.

Şu ýyl biz şanly senäni — Aşgabadyň 140 ýyllygyny dabaraly belläp geçeris. Döwlet Baştutanymyz sözüni dowam edip, häzirki döwürde Türkmenistanyň Prezidentiniň Aşgabady ösdürmek — dünýäniň iň gözel we ýaşamak üçin ähli amatlyklary bolan şäherleriniň birine öwürmek boýunça konsepsiýasynyň yzygiderli durmuşa geçirilýändigini nygtady. Soňky ýyllarda ýurdumyzyň paýtagtynyň çäkleri giňeldildi. Aşgabat dünýä derejesindäki iri şäherleriň birine öwrüldi.

Hormatly Prezidentimiz diplomatiýanyň we Bitaraplygyň sebit we halkara merkezi hökmünde hem Aşgabadyň abraýynyň barha artýandygyny nygtap, bu ýerde Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ştab-kwartirasynyň, şeýle hem paýtagtymyzda dürli halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýerleşdirilendigini belledi.

Aşgabat şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň gatnaşmagynda Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji Ählumumy maslahat geçirildi diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

Şeýle hem Aşgabat dünýäde ak mermer bilen örtülen binalaryň has köp toplanan şäheri hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Milli Liderimiz paýtagtymyzyň ýurdumyzyň durmuşyndaky ähmiýetini nazara alyp, Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygyny ýokary derejede geçirmek boýunça çäreleri guramak barada tabşyryk berdi.

Şu maksat bilen, döwlet Baştutanymyz Hökümet toparyny döretmegi, bu şanly senäni dabaraly geçirmek boýunça çäreleriň meýilnamasyny taýýarlamagy tabşyrdy. Çäreleriň meýilnamasynda “Ak şäherim Aşgabat” monumentinde toý dabarasyny geçirmek göz öňünde tutulmalydyr.

Şeýle hem şäheriň seýilgählerinde baýramçylyk çärelerini guramak, sungat ussatlarynyň çykyşlaryny, sergileri, taryhy-rejelemek işlerini geçirmek meýilleşdirilmelidir. Hormatly Prezidentimiz medeniýet we sungat işgärleriniň arasynda şanly sene mynasybetli geçiriljek döredijilik bäsleşiginiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.

Aşgabat barada wideofilmleri taýýarlamak, şäherde täze gurulýan binalary we desgalary açyp, ulanmaga bermek bilen bagly dabaralary degişli derejede geçirmeli. Dürli sport ýaryşlaryny, aýlawda at çapyşyklaryny guramaly. Aşgabadyň ýaşaýjylaryna täze iň ýokary derejeli amatlyklary bolan öýleri ulanmaga bermeli. Şol şanly senäni baýramçylyk feýerwerkini geçirmek bilen tamamlamaly diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllygyny belläp geçmek boýunça toparyň düzümini we bu şanly sene mynasybetli geçiriljek çäreleriň meýilnamasyny taýýarlap, ýakyn wagtda Ministrler Kabinetine seretmäge bermegi tabşyrdy.

 

Syýahatçylyk Sahypamyz

Global pandemiýa şertleri tamamlanandan soňra haýsy ýurda syýahata gitsem diýýänler we syýahat etmegi söýýänleriň sahypasy

 

Ýene-de okaň

Döwlet Dumasynyň Başlygy şu gün Türkmenistana gelýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan Azerbaýjanyň Eýrandaky ilçihanasyna edilen hüjümi ýazgardy

Täjigistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentini sapar bilen gelmäge çagyrdy

Ata Watan Eserleri

Teswirle