Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ÝUNESKO-nyň Tährandaky klaster edarasynyň direktory hanym Golda El-Hurini kabul etdi.
Duşuşygyň dowamynda Aşgabady ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna goşmak, şeýle hem geljekde halkymyzyň sungatynyň beýleki görnüşlerini we özboluşly däp-dessurlaryny ÝUNESKO-nyň mirasynyň sanawyna girizmek boýunça häzirki wagtda durmuşa geçirilýän işler ara alnyp maslahatlaşyldy.
“UNITWIN” halkara maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde ÝUNESKO kafedralarynyň döredilmegi gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýe bolýandygynyň aýdyň beýanydyr. Şunuň bilen birlikde, Diýarymyzyň birnäçe umumybilim berýän orta mekdeplerini ÝUNESKO-nyň assosirlenen mekdepleriniň toruna girizmek boýunça degişli işleriň alnyp barlandygy, ýokary okuw mekdepleriniň ikisinde bolsa ÝUNESKO klublarynyň açylandygy bellenildi.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we ÝUNESKO-nyň Tährandaky klaster edarasynyň direktory Golda El-Huri birek-birege hoşniýetli sözleri aýdyp, Türkmenistanyň BMG we onuň düzümleri bilen köpugurly gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigine, medeni hyzmatdaşlyk, parahatçylygy pugtalandyrmak, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek arkaly, halklaryň arasyndaky ynanyşmagyň we özara düşünişmegiň berkidiljekdigine ynam bildirdiler.