Aşgabada Haj we din işleri boýunça ministriň ýolbaşçylygyndaky owgan wekiliýeti geldi

Şu gün, 6-njy aprelde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Türkmenistana iş sapary bilen gelen Owganystan Yslam Respublikasynyň Haj we din işleri boýunça ministri Mohammed Kasim Haliminiň ýolbaşçylygyndaky owgan wekiliýeti bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar ynsanperwer hyzmatdaşlygyň aýratyn orun eýeleýän döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesini nygtap geçdiler.

Ministr Mohammed Kasim Halimi ykdysady we medeni-ynsanperwer häsiýetli köpsanly taslamalarda öz beýanyny tapýan Türkmenistanyň Owganystana we onuň halkyna berýän doganlyk goldawynyň ähmiýetini belläp geçdi.

Ol, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän döwletleriň we halklaryň arasynda parahatçylyksöýüjilik we dostluk gatnaşyklaryny ösdürmäge gönükdirilen bitaraplyk syýasatynyň ynsanperwerligini we netijeliligini aýratyn nygtady. Şunuň bilen baglylykda, Ministr Halimi türkmen tarapynyň tagallasy bilen Owganystanyň çäginde gurulýan jemgyýetçilik desgalaryň, hususan-da, iki döwletiň dostluk nyşanyna öwrülen Farýab welaýatynda gurlan metjidiň ähmiýetini belledi.

Okap bilersiňiz  YÖK Başkanı Saraç; Türkmenistan Büýükelçisi İle Görüştü

Owganystanda parahatçylyk prosesiniň häzirki ýagdaýy we geljegi bilen bagly pikir alşyldy. Türkmen tarapynyň bu prosesiň ilerledilmegine syýasy-diplomatik usullar arkaly goşant goşmaga taýýardygy ýene bir gezek tassyklanyldy.

Taraplar bilim, ylym we medeniýet babatda iki döwletiň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle hem Owganystan Yslam Respublikasynyň Haj we din işleri boýunça ministri Mohammed Kasim Halimi ýurdumyza bolan saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Müftisi bilen duşuşygy boldy.

 

Agyz beklenýän we açylýan wagtlaryň hasaplaýjysy hyzmatyňyzda