DÜNÝÄ

Arzuwlaryň yzy bilen

Nişta DudeŽa 1995-nji ýylyň 29-njy awgustynda Hindistanyň Uttar Pradeş ştatynda doguldy. Onuň kakasy Wed Parkaş DudeŽa demir ýol hünärmeni, ejesi Punam DudeŽa bolsa öý bikesidi.

Ata-enesi Niştanyň gulaklarynyň dogabitdi eşitmeýändigine diňe ol 3 ýaşansoň ymykly göz ýetirdiler. Şeýlelikde, Nişta çagalykda eşidiş meselesi bolan çagalaryň ýörite mekdeplerine gatnap başlady. Ol dilini kämilleşdirmek üçin hiç hili kynçylyklardan ýaýdanmady, yzygiderli işledi. Terapewt lukmanynyň maslahaty bilen ata-enesi ony mekdebe ýerleşdirdi.
Şeýlelikde, Nişta DudeŽa «Kendriya Vidyalaya Gole Market up» mekdebinde 10-njy synpa çenli okady. Mekdepde, esasan, başga ugur boýunça okandygyna garamazdan, oňa söwda-telekeçilik boýunça ýol açdyldy. Şeýlelikde, Nişta Deli uniwersitetiniň «Shri Venkatesvara» kolleŽinde söwda boýunça bakalawryň diplomyny aldy. Häzir ol Mumbaýdaky «Mithibai» kolleŽiniň magistri bolmagyň bosagasynda.

Hindistanly gyz 2018-nji ýylyň 24 ― 26-njy fewral günleri Jaipur şäherinde geçirilen «Miss and Mister Deaf India» bäsleşigine gatnaşdy. Bäsleşikde ol birinji orna mynasyp boldy.

Biz Nişta baradaky maglumatlary näme üçin getirdik? Eger ol çagalykdan gulaklarynyň eşitmeýänligi sebäpli ruhuny öldüren bolsa, bu üstünliklere ýetip bilmezdi. Öz çäksiz höwesi we maşgalasynyň goldawy bilen Nişta bu gün söwda boýunça magistr derejeli hünärmen we «Miss Hindistan».

Ýene-de okaň

Eýranyň Prezidenti özüniň ilkinji daşary ýurt saparyny Yraga amala aşyrýar

Kamala Harris we Donald Trump arasynda bolan ilkinji teleçekişme

ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň ýörite geňeşçisi bilen geçirilen duşuşyk

Indoneziýanyň Prezidenti täze paýtagta göçýär

Eýranyň Prezidenti ýurduň paýtagtyny göçürmegi teklip etdi

Türkmenistanyň Gahrymany kosmonawt Oleg Kononenko Ýere dolanmaga taýýar