TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Ary balynyň peýdasy

Ary balynyň adam bedenine peýdasy uludyr. Ol adamyň immunitetini ýokarlandyrmak bilen, köp keselleriň öňüni alyş we bedeni gurplandyryjy häsiýete eýedir. Ary balynyň peýdasy barada nämeleri bilýäris?

Halk lukmançylygynda ary balyndan peýdalanmak has irki döwürleri öz içine alýar. Ispaniýanyň Walensiýa şäheriniň golaýyndaky gowagyň diwarlarynda balarylarynyň suratynyň bolmagy munuň subutnamasydyr. Alymlar bu suratlaryň 15 müň ýyl mundan ozal çekilendigini aýdýarlar. Käbir ýazgylarda gadymy Müsürde ary balynyň peýdalanylandygy barada maglumatlar bar. Onuň ýaly-da, gadymy grek alymy Ksenofont «Anabazis» atly eserinde balarylarynyň ýaşaýyş aýratynlyklary we balynyň peýdasy barada ýazypdyr.

Umuman alanyňda, ary baly öz düzüminde C, E, B witaminlerini, alýumun, sink, nikel, ýod, demir, kaliý, kalsiý ýaly mikroelementleri, foliý we pantoten turşusyny hem-de beýlekileri saklaýar. Ary baly wiruslara garşy, antibakterial häsiýete eýe bolup durýar. Ol sowuklama kesellerinde burun dykylmasynyň öňüni alýar, üsgürmäni bejerýär. Arynyň baly garylan süýt sowuklamany bejermekde has-da peýdalydyr. Baly bellenen möçberde yzygiderli ulanmak işe ukyplylygy artdyrýar, sport türgenleşikleriniň netijeliligini ýokarlandyrýar.

Ary baly howsalalygy, dartgynlylygy aradan aýyrmaga ýardam edýär, nerw ulgamyny kadalaşdyrýar. Säher bilen ary balyny ulanmak günüň dowamynda adamyň şähdaçyk bolmagyna getirýär, kuwwat berýär. Bedeni mikroelementler we witaminler bilen baýlaşdyrýar.

Ary baly kosmetologiýada hem peýdalanylýar, deriniň sagdyn bolmagyna ýardam edýär. Ondan el, ýüz üçin ýaglar ýasalýar.

Balarylar grekler tarapyndan taryhy maglumatlara görä, biziň eýýamymyzdan öňki VIII asyrda eldekileşdirilipdir. Balarylaryň diňe bir balyny almak bilen çäklenmän, eýsem ary mumyny we ýelimini dermanlyk hökmünde hem ulanypdyrlar.

Biziň eýýamymyzdan öňki 600-nji ýyllarda Rodosse şäherinde bir tarapynda balarysy, beýleki tarapynda bolsa küýze şekillendirilen pul ýüze çykypdyr. Alymlaryň çaklamasyna görä, küýze bal salynýan gaby aňladýar.

Häzirki wagtda adamlar balarynyň berip biljek peýdasy barada täze-täze açyşlar edýärler. Balarynyň peýdaly önümlerinde: balynda, mumunda, ary ýeliminde, gül tozgajygynda, ary süýdünde, zäherinde kesel beriji häsiýetleriň bardygy ýüze çykaryldy. Mundan başga-da balarylar oba hojalyk ekinlerini tozanlandyrmakda, olaryň hasyllygyny ýokarlandyrmakda we gowulandyrmakda hem möhüm orun eýeleýär.

Täçnazar Allaberdiýew, TOHU-nyň talyby.

 

 

Ýene-de okaň

Dostlukly gatnaşyklara uzaýan ýollar

Türkmenistan – iri energetika döwleti

Garaşsyzlyk ýyllarynyň rowaçly üstünlikleri

Ata Watan Eserleri

Teswirle