TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
ÝAKYMLY ÝATLAMALAR

Arslan Mäterow: göwünleri käbe saýan halypa

Bir mahal «Edebiýat we sungat» gazetine «Garagumy wasp edýän eserler» at bilen makala ýazdym. Şonda maňa dürli kärde işleýän okyjylardan kän jaň geldi. «Arslan Mäterow hakynda makala ýazypsyňyz, sag boluň! Zehinli ýazyjy Arslan aga ýatlanmaga mynasyp adamdyr» diýip, onuň döredijiligi hemem adamkärçiliginiň artykmaçlyklary hakynda hoşallyklaryny bildirdiler. Kimsi onuň aýazly gyş gününde ýakmaga odun getirip kömek berenini, kimsi güzeranynyň pes wagtynda hurşluk et almaga ýardam berenini, kimsi: «Ilkinji perzendimiz doglanda  öýümizem ýokdy. Welaýatdan paýtagta göçüp gelip kireýne jaýda ýaşaýadyk. Ep-esli iýmek-içmek göterip Arslan Mäter aýaly bilen gelip çagamyzy gutlapdy» diýip,  şahsy durmuşlarynda bolup geçen Arslan agaly pursatlary ýatladylar. Ondan bäri eslije wagt geçdi. Öňräk teleýaýlymda Türkmenistanyň halk ýazyjysy Nobatguly Rejebowyň eseri esasynda surata düşürilen «Gedaý bagşy» atly çeper filmi görkezildi. Şol filmde Arslan aga-da surata düşüpdir. Dirilikde gören ýaly bolduk. Degişgen häsiýetleri göz öňüme geldi. Kärdeşlerimiziň aýdan gürrüňleri ýadyma düşdi. Gaty kän halypalar bilen işleşen, duz emek bolan halypamyz, terjimeçi ýazyjy Çary Geldimyradow bir gezek şeýle wakany gürrüň berdi. Onuň Arslan aga bilen bagly aýdan bu wakasy ýazgy bilen gol goýup sowgat beren «Gören-eşidenlerimden habar bersem…» atly kitabynda-da bar. «Ot ýakýan» atly şol gysgajyk kyssasynda:

«Satiraçy Arslan Mäterowy türkmen radiosynyň redaksiýalarynyň birine baş redaktor edip belläpdirler. Şondan üç-dört gün geçensoň, ol işgärlerini ýanyna çagyrypdyr. Arslan olara ýagşydan-ýamandan hiç zat diýmän, jübüsindäki zažigalkasyny çykarypdyr hem-de ony ýakyp, ýaňkylaryň gözüniň töwereginde ýekänme-ýekän aýlap çykypdyr.

Ýüzleriniň töwereginde ot ýalpyldap giden işgärler beýle geň-taňlyga allaniçiksi bolupdyr. — Ahow, Arslan! Bu näme etdigiň boldy? — diýşip, olar täze redaktorlarynyň çaga oýnundan gatyrganýandyklaryny syzdyrypdyrlar. — Näme edýämişim? Göreňzokmy? — diýip, göwni bir ýaly gürläpdir. — Gözüňizde ot ýakýan! Soňa goýman gözüňiziň oduny alýan…

Bölümiň işgärleri gürlemän Arslan akylyndan azaşdymyka diýen manydaky hereket bilen eginlerini gysyşyp, biri-biriniň ýüzüne öwelipdir.

Arslan öz oýnundan özi lezzet alyp durşuna ahyry gönüläpdir. — Ýaňy ýolda gelýäkäm siziň ozalky baş redaktoryňyza duşdum. Ol meni görenden: «Işgärlemmiň barysyny berk tutýadym. Ýekejesinem öwrenişdiren däldirin. Bu wagt çala ýüz berdigiň depäňe çykýalar. Men-ä dogrusy, şolaň gözlerinde ot ýakýadym. Senem şeýtgin!» diýip maslahat berdi. Menem ynha, siziň ozalky başlygyňyzyň iň soňky sargydyny ýerine ýetirdim. Indem, näme agzybirje işleşibereris-dä» diýipdir. Şo wakany ýatlap hezil edip güldüm. Tüýs Arslan aganyň wäşi hereketiniň suratyny hakydamda dikeltdi.

Ol şeýle bir ýüregi arassa hemem degişgendi. Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň öňki edara binasynda işleýän döwri telim gezek iş ýerinde gürrüňdeş bolupdyk. Nobatguly (aga) Rejebow bilen bir otagda işleýädiler. Darajyk iş otagda daş-töwereklerine kagyz ýazgylaryny ýaýradyp oturyşlaryny görüp: «Wah, edebiýat meýdanyna giňişgenlik gerek-dä… » diýip içimi gepledýädim. Saglyk-amanlyk soraşyp derrew gaýtmakçy bolardym.

2005-nji ýylda «Edebiýat we sungat» gazetiniň baş redaktorynyň tabşyrygy bilen Türkmenistanyň halk artisti Durdy Saparow barada makala ýazmaly boldum. Meşhur artistiň kinofilmlerde döreden keşpleri göz öňüme geldi. Şonda onuň bile işleşen kinorežissýorlary bilen gürrüňdeş bolmak üçin kino sdudiýanyň öňki edara binasyna bardym. Girelgä golaýladym welin, 4-5 metr öňden Arslan aga kärdeşleriniň biri bilen özara gürrüň edip barýady. Ol gapyny açjak boldy-da, birden yzyna seretdi. Maňa gözi düşendenem säginip, saglyk-amanlyk soraşdy.

— Bärläpsiň-le, näme hyzmat?

— Kino režissýor Muhammet Söýünhanow iş ýerindemikä? — diýip sowal berdim.

— Muhammet häzir ýazgyda bolaýmasa. Şu günler ol kino düşürýä. Sen birinji gatda azajyk garaş, kösenme, özüm Muhammedi tapaýyn — diýip ýokarky gata tarap ugrady. Az wagtdan dolanyp geldi-de: — Muhammet: «Günortanlykdan soň boşaýan» — diýdi.  Şu golaýda myhman ýeriň ýokmy? Dynjyňy alyp üçlere geläýer ýaly, ýogsa öýüňe Berzeňňä gidip ýene geljek bolsaň ýadarsyň. Bolmasa gelnejeň nahar taýýarlaýandyr, menem-ä günortan öýe gidip gelýän — diýdi.  Alada etmäň, golaýda daýzamlar ýaşaýa — diýip ýöremek bilen boldum. Sagat  ikilere dolanyp bardym. Arslan agada yz ýanym bilen geldi.  Ol: —  Wiý, sen eýýäm geläýdiňmi? Muhammet birden ýadyndan çykaryp gidibermesin — diýip menem irräk geldim. Ýör hany onda, jaň edip habar tutaly ondan — diýdi. Tirkeşip ýokarky gata çykdyk.  Depesi  çömmek baş gaply sada geýnen ýaşuly Arslan aganyň iş otagynyň gapysynda dur eken. — Bäh, Muhammet, garaşdyrman gelmek saňa gelişjek zat däldir-le. Ýa, bir ýaş gelin «siziň bilen gürrüňdeş boljak» diýýä diýemsoň, geläýdiňmi? — diýip, Arslan aga loh-loh edip güldi. Filmleriniň ählisine diýen ýaly tomaşa eden bolsam-da, Muhammet agany ilkinji gezek ýüzbe-ýüz görşümdi. Ol ýygralyk bilen iki elini owkalap durşuna ýuwaşja gürläp: «Aý, ýok, ýöne geläýdim» diýip ýüzüni aşak saldy. Ýüzi gyzaryp, gaty utanjaň eken.

— Oýun edýän how, degşip aýtdym. Bu Aşyrberdi Kürtüň jigisi, öz jigimiz — diýip Arslan aga iş otagynyň gapysyny açdy.

Gürrüňdeşligimizden soň Muhammet aga öz işi bilen çykyp gitdi. Arslan aga: — Muhammediň aýratyn bir gowy häsiýeti bar. Surata düşürýän filmleri gözegçilik topardan geçende «Şu ýeri bolanok, aýyrmaly ýa-da üýtgetmeli» diýilse öýke-kinesi ýok. «Bolýa» diýip eli gaýçylydyr. Filmiň haýsy ýerinden kesip aýyrsada sepi bildirmez.  Muhammet, sen zor how. Biz-ä «eseriň plan ýerini üýtget, aýyr» diýilse gaty ýokuş görýäs. Käte gan basyşymyzy galdyryp gaharlanýas diýsek: «Asyl nusgasyny özümde saklaýan. Gerek ýerini alsynlar, gerek däl ýeri ýene bir öwrümde taýýar zadyň» diýýä. Öwrenmeli, tejribe — diýip öwgüsini ýetirdi. — Senem ýazýan zatlaryňy gazetiň talabyna görä şeýtgin. Oňarsaň-a ýazýan wagtyň haýsy bir ýeri metbugatyň talabyna laýyk däldir öýtseň şol ýerini aýranyňda-da sepi bildirmez ýaly taýýarlagyn — diýip maslahat berdi.  Soňra-da: — Sen Ahmet Halmyrady tanaýaňmy?» diýip sowal berdi. Özüni ýüzbe-ýüz göremok, ýöne onuň meşhur aýdymçy Öwezgeldi Tekäýew barada ýazan kitabyny okadym. Şeýle gowy ýazylypdyr. Şondan soň metbugatda hekaýalaryna duşsam hökman okaýan diýdim.  Ol: — Ahmet ilki döredijilige gelende zehinine kän bir göwnümiz ýetmedi. Indi ol şeýle uly yhlasy bilen köpimizden öňe geçdi. Tüweleme, ussat ýazyjylaryň biri — diýip çyny bilen guwanyp gürrüň berdi.

Arslan aga dosty bolansoň agam Aşyrberdi Kürt dünýeden gaýdansoňam käte öýümize jaň edip maşgalamyzyň hal-ýagdaýyndan habar tutýady.

Bir gün ýoldaşym: — Teke bazarda Nobatguly aga duşdy. Salam aýtdy. Arslan agany soradym. Onuň  öýünde ýarawsyz ýatandygyny aýtdy. «Soramaga   gitseňiz» diýip olaryň öý salgysyny berdi — diýdi.

Iki bolup ýola düşdük.  Barsak Arslan aga iki-üç gat düşekde arkasyny ýassyga diräp otyr eken. Ol gyzgyn howada köp ýörämizsoň, ýüzümizden ýadawlygymyzy aňandyrda: — Öýümizi tapman kän kösendiňizmi? — diýdi.  Aý ýok, ýöne Nobatguly aga öýüňiziň golaýynda iki gatly çörek dükany bar diýipdir welin, töweregiňizden telim öwrüm etdik. Bir gatly  çörek dükän bar eken. Şol bir az ýalňyşdyrdy — diýdim. Arslan aganyň aýaly Gülälek gelneje: — Arslan bilen Nobadyň mydama keýpleri kök bolansoň, bir gatly dükän iki gatly bolup görnendir — diýip güldi. Gelnejäniň degişgenligi derrew öwrenişdirdi. Gepi sözi ýerlikli, sowatly gürlänsoň, men ondan: — Gelneje, siz haýsy ugurdan bilim aldyňyz? — diýip soradym. Arslan aga: —  Gelnejeňizi ýokary okuwda okatjakdyk. Adyny  ýazanda «Gülölök» diýip ýazdy. Onsoň öýde otyryber  diýdim, ýöne men onda-da  hemişe Gülälek Baýramowna diýip ýüzlenýän.

Bir gün dostlarymyň biri täze jaýa göçüp üýşmeleň etdi. Işden sowlup irräk bardym. Saçagyň başynda ýerleşdik. Birden öý eýesiniň çagalary: — Eje, han-ha, Gülälek Baýramowna gelýär. Haýsy otagda oturdaly — diýişdiler. Ylgaşyp saçaga ýene-de dürli-dümen daşap başladylar. Ýanymda oturanlar ýokary wezipeli biri gelýändir öýdüp, öňlerindäki bulgurlary öňküsi ýaly tertipläp goýdular. Gözleriniň gyýtagy bilen gapa seretdiler. Şol wagt köwşüniň apgyrdyna basyp, öýdäki saçakly-sarmakly girdi-dä welin…» diýip hezil edip güldi. Onuň degişgenligine öwrenişen Gülälek gelneje bilen goşulyp gülşüp oturdyk. Haýran galdym. Arslan aganyň şol wagt ýagdaýy gaty agyrdy. Aýaklary kündük ýaly çişip, ýüz gözi gömlüp durdy. Şonda-da, şeýle bir ruhubelentdi. Belki,  ol,  «derdime hiç kim gyýylmasyn» — diýip syr bildiren däldir.

Hoşlaşyp gaýtjak wagtymyz ol 1994-nji ýylda «Magaryf» neşirýatynda çap bolan  «Balyk ýylynyň bahary» atly powestine: «Zehinli şahyr, zehinli ýazyjy gelnimiz Akgüle iň oňat arzuwlar bilen: gol çekip 12.05.2010 ý». Ýazgy goýup sowgat berdi. Kitabyň girişinde Arslan Mäterowyň «Mugt pul», «Syýahat», «Japbaklaryň täze başdan geçirenleri» diýen kitaplary bilen öň tanşansyňyz. «Syýahat» kitabynda mekdep okuwçylary — Meret bilen Hojaşyň tomusky dynç alyş günlerinde garagum çölünde kolhoz malyny bakmaklyga kömek berişleri, çopançylyk döwründe olaryň gabat gelen gyzykly wakalary, çöl täsinlikleri- ösümlikleridir jandarlary hakynda gürrüň edilýärdi. Awtor bu powestinde hem garaguma ýüzlenipdir. Kitaby okanyňyzda onuň hakykatdanam şeýledigine göz ýetirip çarwa adamlarynyň durmuşlary, ýaşaýyşlary barada köp zatlary bilersiňiz» diýip okyjylara düşündiriş berilýär.

Kitaby ýene bir ýola gaýtadan okadym. Balyk ýylynyň tebigat aýratynlygy, ygally ýylda tebigatyň has-da bolçulygyny şeýlebir çeper beýan edilýär. Kömelekden, domalandan, ajybalgazdan, ak selmeden dürli tagamlaryň taýýarlanyşyny, nygmatlaryň datlylygyny süýjedip-süýjedip mahabatlandyrylyp ýazylypdyr. Kitaby okap otyrkaň özüňi aşhanada ýaly duýýaň. Bal ýaly tagamlaryň ysy gelip tamşandyrýar. Eser çarwa durmuşyndaky ýaşaýşyň özboluşly gyzyklylygy, ol ýerde ýaşaýan adamlaryň agzybirligi, düşünjeliligi, işjanlylygy, esasanda belent adamkärçiligi pursatlaryň üsti bilen bezelýär. Ýazyjy Arslan Mäterow uly göwrümli, gysga göwrümli, çeper publisistik filmleriň hem ençemesiniň awtory. Onuň «Çakan aganyň arzuwy» filmi ýa-da «Ýumajyk» kino žurnalynda «Şekeriň gurjaklary», «Kesilen telpegiň syry», «Çagaly öýde ogurlyk ýatmaz», «Aýazbabanyň horjuny» ýaly ýene-de ençeme çagalar üçin surata düşürilen gülküli, ýatda galyjy filmleri bar. Onuň eserleriniň agramly bölegi çagalaryň, ýaşlaryň durmuşy bilen bagly terbiýeçilik ähmiýetde ýazylypdyr. Garagum çölüniň täsinlikleri, çarwa durmuşy hakynda gürrüň berýän eserleri bolsa, onuň esasy ýykgyn eden temalarynyň biri. Ýazyjynyň her bir eseriniň wakasy juda beletlik bilen ynandyryjy beýan edilensoň, «öz başdan geçirenleridir» diýen pikir döreýär.

(Ikisiniňem jaýy jennet bolsun!) Bir gezek halypa ýazyjy Nobatguly aga bilen jaňlaşanymda oňa Arslan aga barada ýatlama ýazýandygymy aýdypdym. Şonda ol: — Gowy iş edýäň. Ol hakynda mende-de ýazmaga zat kän. Arslanyň gowy eden işleriniň biri «Japbaklar» atly ýazan romanydyr. Bolan waka esasynda ýazylan könelmejek taryhy eser. Ýene bir gowy eden işleriniň biri, ol kän ýyllap Juma Ýazmyrat bilen radioda bile işledi. Juma Ýazmyradyň degişmelerini ýazyp kitap taýýarlady. Juma Ýazmyrat türkmeniň belli adamlarynyň biri. Şol kitabyny «okaryn» diýseňiz öýlerinde bardyr, ýöne çagalaryna «Kitaby kim okap görjek» diýse-de bermäň. Okajak adam diňe göçürip alsyn» diýip tabşyrypdym — diýdi-de, uludan dem alyp dymdy. Birdenem hezil edip güldi. — Şu wagt Arslanyň bir gowy hekaýasy ýadyma düşdi — diýip eseriň wakasyny gürrüň beripdi.

Onsoň arhiw ýazgylary bilen ýakyndan tanyşmak üçin Arslan agalaryň maşgala ojagyna bardyk. Haýran galdyk.  Öýleriniň derwezesine ýetip: «Şu öý Arslan agalaryň öýüdir-le» diýip sägindik welin, ýönekeýje adaty derwezäniň gapysy şemal bolmasa-da öz-özi açyldy. Öýüň içine girenimizden ýazyjynyň diwardan asylgy duran uly portret suratyna gözümiz düşdi. Suratyň aşagynda Arslan Mäterow (1948-2011 ý.ý.) diýen ýazgy ýazylypdyr. Agzy ýaşmakly körpe gelinleri içki otaga geçmegimizi mürähet etdi. Ol otagyň diwarynda bolsa, ýazyjynyň ýanýoldaşy bilen düşen uly suraty asylgy dur eken. Ýylgyryp düşülen owadan surat ikisiniňem degişme dünýäsine juda gowy düşünip ýaşandyklarynyň keşbi bolup oýlandyrdy. Gülälek gelneje güler ýüz bilen garşy aldy. Ol ilki bilen üç ogul, bir gyz perzendiniň, 9 agtygynyň bardygyny, çagalarynyň ählisiniň öýli-işikli bolup dürli kärlerde işleýändiklerini, terbiýeli, düşünjeli çagalarynyň bardygyny hoşallyk bilen aýtdy. Soňra Arslan aga baradaky ýatlamalara geçdi. Ol:

— Arslanda döredijilik adamlaryna mahsus ynjyk, gaharjaň häsiýetler bardy, ýöne göwnünde garalyk ýokdy. 1975-nji ýylda durmuş gurduk. Şol ýyl ol häzirki Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň «dil we edebiýat» fakultetini gutardy. Diplom toýy bilen durmuş toýuny bile toýlapdy. Toýumyzda Nurýagdy Tokgaýew aýdym aýdypdy. 2010-njy ýylda Arslan Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi boldy. Ol şol wagt hem ýarawsyzdy. Sag bolsunlar, baýrak almaga gideninde-de kärdeşleri ulagly äkidip getirdiler. Hormatly Prezidentimiziň şa serpaýyny alyp geldi-de: — Gülälek, geç garşymda otur. Bu sylaga seniň gaty köp goşandyň bar. Saňa uzak ýaş dileg edýän. Maňa berlen altyn zynjyry gyzyňa-da, gelniňe-de bermän ömrüň ahyryna çenli özüň dakyngyn. Men-ä indi bu keselden aman galman. Senden uly haýyşym bar. Arhiw ýazgylarymy berk saklagyn. Ogullarymdan bolmasa, agtyk-çowluklarymdan yzymy ýöretjek hökman çykar — diýip tabşyrdy. — Ýanym mydama dost-ýarly boldy. Gije-gündiz myhmana hyzmat edip, arkaýyn dynç almaga wagtyň bolmady. Şol günäm üçinem ötünç soraýan — diýdi. Nägileligim ýokdur, ýöne entek çagalaryň hözirini görüp ýaşaweri — diýip aglamaga başladym. Arslanyň degişip-gülşüp oturmasynyň özi toý ýalydy. Öýümize Hommat Jelil, Annaberdi Atdan, Myrat Nyýaz, Juma Ýazmyrat, Aşyrberdi Kürt ýene-de kän tanymal adamlar gelerdi. Olaryň her haýsy bilen bagly ýatlamalar kän. Aşyrberdi Kürt bilen Arslan bassyrmaň aşagynda bir-birine ýaplanyşyp dik duran ýerlerinde «Söýenişen ýykylmaz» diýişip gülşüp duranlary göz öňümde dur. Howlymyzda ownuk mal bilen towuk saklaýadyk. Bir gezek mala paçak dograp otyryn welin, Aşyrberdi aga: «Gelin, malyňa «çakjagunduz» beräýmeginiň» diýip tabşyrýa. «Bolýa» diýip baş atdym. Soň gidensoň: «Çakjagunduz» diýilýän öňümden çykanda-da tanajak däl. Näme üçin ondan ol barada soramandyryn diýdim. Ýogsa degişgen adamdy. Biri garşy-garşy gowşak goşgy ýazyp halys ýürege düşüpdir. Bir günem ol redaksiýa baryp: «Goşgy getirdim. Agşam düýşüme Magtymguly atamyz giripdir, agzyma tüýkürdi. Indi-hä goşgularyma göwnüňiz ýetse gerek» diýipdir. Okap görseler ýene-de goşgularynda ugur-derek ýokmuş. Onsoň oňa: «Inim, düşünmänsiň. Düýşüňde Magtymguly atamyz agzyňa däl-de ýüzüňe tüýküripdir» diýipdirler. Arslan bilen Aşyrberdi aganyň şol pursady ýatlap gülüşýänleri ýadymdan çykanok. Ýatlama bolup galdy. Indi hyzmat edeýin diýseňem o bendeleriň köpüsi aýatda ýok.

Ýöne Nobatgulular bilen başga-da Arslanyň gatnaşýan ojaklary bilen gatnaşýas. 4-nji fewral Arslanyň doglan güni. 1948-nji ýylda Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň Ýarajy obasynda doglan. 2011-nji ýylyň 5-nji awgustynda-da ýerlenen güni. Çagalarymyz  hersi öýünde ýörite tagam taýýarlap garry öýde saçak başyna jemlenýäler. Kakasy bilen bagly degişmeleri ýatlaýalar.

Arslan käte elde ýazýady, köplenç bolsa hat ýazýan enjamda işleýädi. Arslanyň arhiwi saklanýan otagda onuň ulanan hat ýazýan enjamy bar. «Gumly gelin» atly kino üçin taýýarlan gülküli eseri hat ýazylýan enjamda gapjadylgy dur. Şol eseriň wakasy meniň bilen bagly ýazylan öýdýän. Arslanyň gyzyl «Moskwiç» ulagy bardy. Ol ulag sürüp bilýärdi-de, döwülse bejerip bilenokdy. Bir gün işden geldi. Onuň bilen bile «Çagalar dünýäsi» dükana gitdik. Ýolda ulagynyň tekeri ýaryldy. Gijarady. Özüm  ulagyň yzyndaky ätiýaç tekeri çykaryp çalyşdym. Hossarlarymyzyň köpüsi gumda ýaşaýalar. Toý-tomga gidenimizde-de ýolda ulag bozulsa özüm düzedýän — diýip, ulagyň şaýlaryny ýekän-ýekän atlandyryp düşündirdi. Şol wagt Nobatguly aganyň gülüp gürrüň beren hekaýasyndaky baş gahrymanyň Gülälek gelnejedigi düşnükli boldy. Ol şeýle gürrüň beripdi:

«Arslanyň obadaşlarynyň biri gumly gyza öýlenýär. Gyzyň kakasy ulag ussasy eken. Ol ähli çagalaryna kiçilikden ulag bejermegi öwredýär. Türkmeniň däp-dessurlaryna görä ýaňky gum obasyndan alnan gelin 40 günden soň atasy öýüne gaýtaryp äkidilýä. Gaýtarja gitmeli ulagy dolandyrýan sürüji ýaş ýigit eken. Gum içinde ulag näsazlyk tapýar. Çölüň içinde ep-esli durýalar. Ahyry gelin ýanyndakylara pyşyrdap: «Gaýyn enem rugsat berse ulagy özüm bejerýän» diýýär. «Aýby bolmaz, ýolda heläk bolmasak bolýar» diýip, gaýyn enesi rugsat berenden, gelin köneräk eşigi üstünden geýip, ulagy derrew düzedipdir» diýeni ýadyma düşdi. Hekaýanyň wakasyny ýatlap durşumyza Arslan aganyň şahsy arhiwi bilen tanyşmagymyzy dowam etdik. Ýazyjynyň elýazmalary-da, ulanan ýazuw enjamy-da, geýnen başgaplarydyr goşar sagady hat-da el süpürgiçlerine çenli tertipläp goýlupdyr. Sagbollaşyp turmakçy bolanymyzda Gülälek gelneje: — Arslany ýatlap geldiňiz, taňryýalkasyn! Hormatly Prezidentimiz öten-geçen ýazyjy-şahyrlary, sungat adamlaryny ýatlamaga mümkinçilik döredip sogap iş edýär. Mertebeli Prezidentimiziň ömri uzak, jany sag işleri rowaç bolsun! — diýip alkyş baryny aýtdy. Ondan bärem birneme wagt geçdi.

Arada bir «hudaýýoly» üýşmeleňe baranymda tötänden Arslan aganyň garyndaşlarynyň biri sataşdy. Ol: —  Arslan Mäteriň 45 ýaşly ogly ýogaldy eşitdiňmi? — diýdi. Eşitmändim. Kyrky sowlan wagty eken. Onsoň gijem bolsa duýgudaşlyk bildirip Gülälek gelnejäniň ýanyna baryp gaýtdym. Howlularynyň derwezesiniň ýanyna baranymda Gülälek gelnejäniň: «Arslan ýogalanda Nobatguly Rejep onuň guburynyň başujunda goýulmaly agajyny eline alyp: «Seniň şu dünýeden alyp gitmeli zadyň ynha, şu agaçmydy?» diýip aglap duran pursady hiç ýadymdan çykanok» diýip aýdan gürrüňi ýadyma düşdi. Nobatguly aganyň Türkmenistanyň halk artisti Kerim Annanowyň aýatyna barýakam 1-nji saglyk öýüniň arka tarapyndaky ulag goýulýan duralganyň ýanynda gabatlaşyp: «Akgül, Kerim jany aldyrdyk-da» diýip aglap duran keşbi göz öňüme geldi. Nobatguly aga Arslan aganyň ýakyn dostlarynyň biridi-dä — diýip Gülälek gelneje bilen olary ýatladyk. Öýleriniň töründe diwary tutup duran döwrebap mebel bar. Gapdalynda-da oturgyjyň üstünde köne döwrüň ýemşerip giden çemodany dur. Gülälek gelneje: — Öýüme gelen şu döwük çemodany saklap ýörşümi geň görýä. Bir gün daşgynyrak baldyzlarymyzyň biri öýümize geldi. Içerimizi süpürişdirmäge kömekleşdi-de: — Gülälek gelneje, o duran döwük çemodany zyňaýaly — diýdi. Ýok-ýok, o çemodanda Arslanyň ýaşlyk ýatlamalary bar — diýdim. Öýde ýok wagtym çemodany açyp görüpdir. — Gelneje, çemodanyň içinde-hä hiç zadam ýok eken — diýdi. Arslanyň talyp döwri göteren çemodany bolansoň zyňmaga dözemok — diýdi. Men ondan Arslan aga näçe dogan? — diýip soradym. — 1945-nji ýylda doglan agasy Öwezberdi, onsoň Arslan 1948-nji ýylda doglan, Hakberdi 1955-nji ýylda doglan, Ýazberdi 1963-nji ýylda doglan, Annaly 1966-njy ýylda doglan, Aýnabat 1960-njy ýylda doglan, Annadursun 1970-njy ýylda doglan jemi ýedi dogandylar — diýip telefon belgilerini berdi. Onsoň öýe gelemsoň olaryň käbirine jaň edip Arslan aga hakyndaky ýatlamalaryny aýtmaklaryny haýyş etdim. Inisi Ýazberdi ýörite onuň arhiw suratlaryny hemem agasy Hakberdiniň ýazan Arslan aga bilen bagly ýadynda galan ýatlamalarynyň ýazgysyny getirdi.

«Arslan ýaramaz häsiýetli adamlara çydamazdy. Şeýle adamlara diýmeli zady göni diýerdi. Bir gezek agam öýüne bir maşyn çäge düşürtdi-de, sürüjiden kireý hakynyň nyrhyny sorady. Sürüji: «Aý…, näme berseň beräý» diýdi. Arslan oňa: «Sen inim, näme kireý alýan bolsaň şony aýt. Seň bu sözüň öz hakyna kaýyl däl adamyň aýdýan gürrüňi. Sen almaly nyrhyňdan köp berer öýdýäň. Häzir men saňa bir manat bersem oňmarsyň-a. Kireý hakyňy aýt» diýdi. Agamyň şeýle gönümelligi bardy.

Arslan uniwersitete girmek üçin ilkinji synanyşygynda synagdan geçip bilmän geldi. Emma hiç hili gynanman, gaýta synagdan geçip bilmänine begenýän ýaly şadyýanlyk bilen: «Täze ýylda täze güýç bilen synanyşarys» diýip okuwa girjegini gaty ynamly aýdyp gürleýşine haýran galanym ýadyma düşýär.

Özem diýseň zähmetsöýerdi. Obada ähli ekin-dikin işlerinde işledi. Çölde çopan bolup goýun bakdy.

Arslan ýarawsyz wagty saglyk işgärlerinden gaty hoşaldy. Bir gezek öýlerine baranymda ol: «Golaýymyzdaky saglyk öýünde Nobatgulynyň gyzy işleýär. Nähili däri-derman gerek bolsa getirip berýär. Elinden gelýän kömegi edýär. Eli-gözi dert görmesin» diýip alkyş okap oturan eken.

Arslanlara ýazyjy-şahyrlar köp gelýän eken. Ýazmyrat Belliýew, Hudaýguly Allamyradow, Annageldi Nurgeldiýew, Arap Gurbanow, Nobatguly Rejebow, Döwletgeldi Annamyradow we başga-da belli ýazyjy-şahyrlar bilen Arslanlarda çaý başynda gürrüňdeş bolmak miýesser etdi.

Arslan dözümsizdi, ýüregi ýukady. Şol häsiýetinden howatyr edýändir-dä. Bir gezek otyrkak: «Men garraýsam Haşa kakam ýaly bozulyp oturan bolaryn» diýdi. «Haşa kakam» diýýäni kakamyzyň doganoglany. Ol on ýedi ýaşynda kolhoz başlygy bolup, bütin ömrüne ýolbaşçy işlerde işlän. Beýik Watançylyk urşunyň weterany. Uruşda syýasy serkerde bolupdyr, frontda düşürilen suratlary bar. Şeýle dogumly, gaýratly adam bolsa-da fronty ýatlanda bozulaýardy».

Ynha, şeýle ýatlama ýazgylaryň ýany bilen getirilen arhiw maglumatlaryň arasynda Arslan aganyň SSSR žurnalistler Soýuzynyň agzalygy hakynda şahadatnamasy hemem maşgala agzalary, kärdeşleri bilen bile düşen suratlary bar eken.  Ýöne suratlaryň hiliniň juda pesligi sebäpli saýlap käbirlerini makalamyza ýerleşdirmeli bolduk.

Akgül SAPAROWA.       

 

 

 

Ýene-de okaň

Gurbanmyrat Baýjykow: hoş sözden başlanan söhbet

 Muhammetnazar Mommadow: ussatlaň ýetişdiren ussady

Ata Watan Eserleri

Aşyr Hojatow: ussatlyk mekdebiniň halypasy      

Teswirle