TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

“Arsenal”, “Bawariýa”, “Lýon” we “Trabzonspor” möwsüme ýeňiş bilen başlady

Düýn hem habar berşimiz ýaly, Angliýanyň, Germaniýanyň, Fransiýanyň we Türkiýäniň milli futbol çempionatlarynyň täze möwsümi badalga aldy.

30 ýyl mundan ozal Angliýanyň “Premýer Ligasy” hökmünde döredilen bu milli çempionat dünýäniň iň gadymy milli çempionatlarynyň biridir. Dünýäde iň köp tomaşaçy özüne çekýän bu çempionatyň täze möwsüminiň ilkinji duşuşygynda “Arsenla” topary “Kristal Palas” toparyny 2:0 hasabynda utup, möwsüme ýeşiň bilen başlady.

“BAWARIÝA” TAÝ TAPYLMAZMYKA?

Soňky ýyllarda Germaniýanyň milli çempionatynda öňdäki orny hiç bir topara bermän gelýän “Bawariýa” topary täze möwsüme hem ynamly başlady. Topar Germaniýanyň “Bundesliga” çempionatynyň täze möwsüminiň ilkinji duşuşygynda “Aýntraht Franfurt” toparyny 6:1 hasabynda ýeňmegi başardy. Topara täze goşulan Sadio Mane hem ilkinji goluny geçirdi.

Fransiýanyň çempioantynda “Lýon” topary ýeňiş gazandy. Bu topar öz meýdançasynda “Aýaçço” toparyny 2:1 hasabynda ýeňdi.

Türkiýäniň milli çempionatynda bolsa, geçen möwsümiň çempiony “Trabzonspor” topary täze möwsüme-de ýeňiş bilen başlady. “Trabzonspor” topary Atatürk stadionynda geçirilen duşuşykda “Istanbulspor” toparyny 2:0 hasabynda ýeňdi.

Ýene-de okaň

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň senesine üýtgeşiklik girizilýär

Ata Watan Eserleri

Ýewropanyň “naýbaşysy” – “Real Madrid”

Ata Watan Eserleri

Özbegistan Bütindünýä küşt olimpiadasynyň ýeňijisi boldy

Ata Watan Eserleri