TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Arsenal 4 oýunçysynyň şertnamasyny uzaltdy

Arsenal topary Mançester Siti bilen duşuşygynda 3:0 hasabyna ýeňilenden soň, oýunçylary bilen şertnamany uzaltmaga başlady. Arsenal topary oýunçy Dawid Luis bilen 1 ýyl şeýle-de Pablo Mari we Sedrik Soareş bilen bolsa uzak möhletleýin şertnama baglaşdy. Topar mundan başga-da Real Madrid toparyndan kireýine gelen Dani Sebalos bilen bolsa şu möwsümiň soňuna çenli şertnamany uzaltdy.

Arsenal toparynyň tälimçisi bu oýunçylaryň topar üçin nähili möhümdigini žurnalistlere şeýle gürrüň berýär.

— Dawid biziň toparymyz üçin örän gerekli oýunçylaryň biri. Ol şu möwsümiň tas hemme oýunlaryna gatnaşyp, özüniň toparyň abraýyny ýokarlandyrmakda goşandyny goşdy. Onuň topy geçirişi, we futboldaky beýleki inçe tilsimleri toparyň ýaş oýunçylaryna görelde bolýar. Şonuň üçin hem onuň biziň toparymyzda ýene-de bir ýyl galýandygy biziň üçin ýakymly habarlaryň biridir — diýip aýdýar.

Ýene-de okaň

Katar-2022: nobat 1/8 finalda

Katar-2022: Günorta Koreýa Portugaliýany ýeňip, 1/8 finalda

Dünýä çempionatynda ilkinji gezek zenan emin eminlik etdi

Teswirle