TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Arnold baýraga mynasyp boldy

Angliýanyň “Premier Liganyň” 2019-2020 möwsümiň “iň ýaş gowy oýunçysy” baýragyna “Liwerpul” toparyndan Trent Aleksander-Arnold mynasyp boldy.

“Premier Liganyň” resmi saýtynda ýerleşdirilen beýanatda 23 ýaşyndaky we ondan kiçi ýaşly oýunçylara berilýän möwsümiň “Iň ýaş gowy oýunçysy” baýragy goldawçylar we eminleriň baha bermeginde kesgitlenildi.

Ses berilşikde “Aston Willadan” Jek Grilişi, “Mançester Ýunaýted” toparyndan Meýson Grinwud, Entoni Marsýal, Markus Raşford, “Çelsiden” Meýson Mount, Kristian Pulişiç we “Sheffield Ýunaýtedden” Din Henderson ýaly bäsdeşlerinden öňe saýlanan “Liwerpulyň” 21 ýaşly iňlis oýunçysy Trent Aleksander-Arnold baýraga mynasyp boldy.

Trent Aleksander-Arnold “Liwerpul” toparynda “Premier Ligada” 2019-2020-möwsüminde 38 duşuşyga gatnaşyp, 4 gol geçirmegi başardy.

Ýene-de okaň

Katar-2022: nobat 1/8 finalda

Katar-2022: Günorta Koreýa Portugaliýany ýeňip, 1/8 finalda

Dünýä çempionatynda ilkinji gezek zenan emin eminlik etdi

Teswirle