TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Armyt we onuň peýdalary

Häzirki wagtda ýurdumyzyň dürli künjeginde ýetişýän dürli miwedir peýdaly ösümliklere baý bolup, türkmen topragynda ýetişýän miweler hem-de dermanlyk ösümlikleri adam bedenine täsirliligi bilen tapawutlanýandyr. Her bir ynsan hemişe öz bedeniniň durkuny saklamaga hem-de onuň dürli kesellere garşy göreşijilik ukybyny ösdürmäge çalyşmalydyr. Munuň üçin esasy zat kadaly we sagdyn iýmitlenmekdir. Kadaly we dogry iýmitlenmek ynsan bedenindäki köp sanly ýaramaz täsirleriň öňüni almaga ýardam berip, aşa semizlik, ýürek keselleri we beýleki keseller bilen kesellemezlik üçin emleriň biridir. Şeýle hem, ýurdumyzda ekologiýa taýdan ýetişdirilýän arassa miweleri hem-de gök önümleri iýmek has peýdalydyr. Şolaryň hatarynda armyt barada bellemän geçmek bolmaýar.

Armyt iň köp peýdalanylýan miwe bolup durýar. Armyt agajy beýik bolup 13 metre ýetýär. Armyt miwesiniň 100 gramynda 58 kaloriýa bar.

Miwe witaminlere, minerallara örän baýdyr. Bu nukdaýnazardan, armydyň peýdalary adam saglygy üçin örän möhümdir. Armydyň düzüminde A, B, C we K witaminleri kalsiý, kaliý, demir, magniý, natriý, fol turşusy we mis marganes bar.

Armyt horlanmaga mümkinçilik berýär. Düwnük keseliniň öňüni alýar. Anti-kanserogen häsiýetleri bilen mümkin bolan rak öýjükleriniň döremeginiň öňüni alýar. Immuniteti güýçlendirýär. Gurluşynda antioksidantlaryň kömegi bilen sowuk, dümew ýaly kesellere garşy immuniteti berk saklaýar. Iýmit siňdiriş ulgamyny kadalaşdyrýar. Ýürek saglygy üçin peýdaly, gan aýlanyşyny ýokarlandyrýar. Süňkleri güýçlendirýär. Süýji keseli üçin maslahat berilýär.

Armydyň ysy näçe güýçli bolsa, şonça-da ýürege peýdasynyň ýokarlanýandygy barada hekim Muhammat Huseýin «Melhemler hazynasy» diýen işinde ýazýar. Armydyň ter, guradylan we şerbet görnüşleri beden berkidiji häsiýete eýedir. Bu miwäni içegeleriň bozulmalarynda, semizlikde we süýji keselinde iýmeklik örän peýdalydyr. Armyt miwesindäki efir ýagy we biologiki maddalar adam bedeniniň immun ulgamynyň ýokarlanmagyna, ýokanç kesellere şeýle-de sowuklama, depressiýa garşy göreşmäge kömek edýär. Armydyň düzümindäki demir sagdyn gan öýjükleriniň emele gelmegine gatnaşýar. Armydyň miwesiniň etinde kaliý iýonlary köp mukdarda saklanýar, bu bolsa ýürek myşsalarynyň gowy işlemegi üçin möhümdir. Bedende kaliniň ýetmezçiligi nerw dartgynlygyna, ukusyzlyga, ýürek myşsalarynyň çalt urmagyna we ganda holesteriniň köpelmegine getirýär. Armydyň düzümindäki organiki turşular iýmit siňdirişi güýçlendirýär, bagryň we böwregiň işini, madda çalşygyny kadalaşdyrýar. Armydyň düzümindäki organiki turşularyň mikroblara garşy göreşijilik häsiýeti hem bar. Armyt ylmy lukmançylykda beden dartgynlygynda, peşew ýollaryndaky sowuklamada, peşew çykaryjy ýollarynyň kesellerini bejermekde, böwrek kesellerinde ulanylýar.

Armydy nähili saýlamaly? Miwäniň müňden gowrak görnüşi bolup, olar reňki, ululygy, şekili, tagamy, bişýän wagty we gyşa durujylygy bilen tapawutlanýar. Gara tegmiller armytyň zeperlenendigini görkezýär. Bişen armydyň ýakymly ysy bolýar. Emma ýiti ys, miwäniň içinde çüýräp başlandygyny alamatlandyrýar. Miwäni saýlanyňyzda, sapagynyň eýýäm doly guranyny däl-de, ýumşak we gaty miwäni saýlamak maslahat berilýär.

Armydy nähili saklamaly? Armytlar salkyn, garaňky we şemalladylýan ýerde saklanýar. Öýlerde ammar ýa-da sowadyjynyň aşaky tekjeleri munuň üçin amatlydyr. Miweleri (bu diňe armytlara degişli däl) plastik paketlere gaplamazlyk maslahat berilmeýär, sebäbi şiresi ýitýär we tagamy gaty bolýar. Sebetleri ýa-da agaç gapyrjaklary has ter görnüşinde saklamak bolar. Bu şertlerde armyt hiline (sortuna) baglylykda bir aýa çenli saklanyp bilner.

Terligini iýlişi ýaly, armytdan dürli tagamlar hem taýýarlanýar. Senagat taýdan giňden ulanylýan miwe öý şertlerinde şerbet we mürepbe gaýnatmak üçin peýdalanylýar.

Laçyn Hajygeldiyewa, TOHU-nyñ talyby.

Türkmenistan-Hindistan: deňiz portlary arkaly hyzmatdaşlyk

 

Ýene-de okaň

«Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk jemlendi

Pagta ýygymy gyzgalaňly dowam edýär

Ýurdumyzyň dag-magdan senagaty işjeň ösdürilýär

Teswirle