TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

«Arkadagyň nesilleri» atly çagalar dynç alyş merkezi açyldy

Şu gün Esenguly etrabynda «Arkadagyň nesilleri» atly çagalar dynç alyş merkezi açyldy. Oňa ýurdumyzyň ýolbaşçy düzümleri, jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy. Hormatly Prezidentimiziň çagalar hakyndaky bimöçber aladalarynyň netijesinde gurlup ulanylmaga berlen bu täze dynç alyş merkezi özüniň döwrebaplygy bilen aýratyn tapawutlanýar. Onda çagalaryň oňat dynç almaklary, wagtlaryny ýerlikli we gyzykly geçirmekleri üçin ähli şertler döredilipdir.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe çagalar hakyndaky aladalar döwletimiz tarapyndan iň bir ileri tutulýan syýasata öwrüldi. Şonuň netijesinde durmuşa ornaşdyrylýan bu günki uly işler Arkadagly Serdarymyzyň belent başlangyçlaryndan öz gözbaşyny alýar. Esenguly etrabyndaky täze açylan «Arkadagyň nesilleri» atly çagalar dynç alyş merkezi bu aýdanlarymyzyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti “Deňiz han” atly harby gämi bilen tanyşdy

Ata Watan Eserleri

Aşgabat-Daşkent: ýük awtoulag kompaniýasyny döretmek teklip edilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady

Ata Watan Eserleri