TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

“Arkadag” toparynyň ynamly ýeňişleri

“Aşgabat” köpugurly stadionynyň merkezi meýdanynda 3-nji tapgyryň çäginde “Arkadag” hem-de “Köpetdag” toparlary duşuşdylar. Bu duşuşyk 4:0 hasabynda “Arkadag” toparynyň peýdasyna tamamlandy. Bu barada Futbol federasiýasynyň resmi saýtynda bellenilip geçilýär.

Gazanan bu ýeňşinden soň 6 utuk toplan “Arkadag” topary ýaryş tertibinde ikinji basgançaga geçmegi başardy. “Köpetdag” toparynyň hem 6 utuk toplandygyny bellemek gerek. Ýöne “Arkadag” topary goşmaça görkezijileriň netijesinde garşydaşyndan öňde barýar.

Bu tapgyryň beýleki duşuşyklarynda “Merw” öz meýdanynda “Ahaldan” (2:1), “Energetik” bolsa myhmançylykda “Şagadamdan” (0:1) üstün çykdylar. Oýun gününiň ýene-de bir duşuşygynda “Aşgabat” bilen “Nebitçi” toparlary duşuşdylar. Bu duşuşyk 1:3 hasabynda myhmanlaryň peýdasyna tamamlandy. Gazanan bu ýeňşinden soň 7 utuk toplan “Nebitçi” topary ýaryş tertibinde birinji basgançaga geçmegi başardy.

Ýurdumyzyň futbol çempionatynyň 4-nji tapgyrynyň duşuşyklary üçüsi  28-nji aprelde geçiriler – “Altyn Asyr” – “Merw”, “Ahal” – “Köpetdag”. 29-njy aprelde bolsa “Energetik” – “Aşgabat” hem-de “Arkadag” – “Şagadam” toparlary özara duşuşarlar.

***

3-nji tapgyryň duşuşyklarynyň netijeleri:

 “Merw” – “Ahal” – 2:1

Gollar: 12 Alibek Abdyrahmanow, 90+3 Zafar Babajanow (“Merw”) – 32 Amir Gurbany (“Ahal”)

Duýduryşlar: 36 Toýly Batyrow, 86 Meýlis Diniýew (“Ahal”)

Geçirilen ýeri: “Sport toplumy” stadiony (Mary ş.)

Duşuşygyň emini: Ç.Gurbanow (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: Ş.Hydyrow (Balkanabat ş.), R.Ereşow (Türkmenabat ş.)

Ätiýaçdaky emin: W.Baluýans (Türkmenabat ş.)

Gözegçi emin: Ş.Durdyýew (Aşgabat ş.)

***

 “Köpetdag” – “Arkadag” – 0:4

Gollar: 35 Arzuwguly Sapargulyýew, 45 Didar Durdyýew, 65 Resul Hojaýew, 78 Orazberdi Myradow (“Arkadag”)

Duýduryşlar: 61 Baýramgeldi Gulmaýew (“Köpetdag”) – 30 Didar Durdyýew, 86 Şanazar Tirkişow (“Arkadag”)

Geçirilen ýeri: “Aşgabat” stadiony, merkezi meýdan (Aşgabat ş.)

Duşuşygyň emini: R.Mämmedow (Aşgabat ş.) 

Kömekçi eminler: P.Pälwanow (Daşoguz ş.), H.Abdiýazow (Daşoguz ş.)

Ätiýaçdaky emin: M.Allaberdiýew (Aşgabat ş.)

Gözegçi emin: M.Seýitgulyýew (Aşgabat ş.)

***

 “Şagadam” – “Energetik” – 0:1

Gol: 5 Arslan Ýollyýew (“Energetik”)

Duýduryşlar: 14 Şyhdurdy Amandurdyýew – 17 Parahat Jumanazarow (tälimçi), 20 Muhammet Öwezow, 21 Farid Kamaletdinow, 39 Daýanç Nuryýew (“Energetik”)

Meýdandan çykarylanlar: 81 Baýram Ataýew (“Şagadam”) – 67 Farid Kamaletdinow, ikinji duýduryş (“Energetik”)

Geçirilen ýeri: “Şagadam” stadiony (Türkmenbaşy ş.)

Duşuşygyň emini: A.Sapaýew (Daşoguz ş.) 

Kömekçi eminler: M.Nurberdiýew (Aşgabat ş.), M.Gulmuhamedi (Aşgabat ş.)

Ätiýaçdaky emin: E.Ýazmyradow (Aşgabat ş.)

Gözegçi emin: B.Allaberdiýew (Aşgabat ş.)

***

 “Aşgabat” – “Nebitçi” – 1:3

Gollar: 44 Bäşim Gurbanberdiýew (“Aşgabat”) – 3 Daýanç Orazgulyýew (11 m.j.u.), 19, 77 (11 m.j.u.) Akmämmet Metdäýew (“Nebitçi”)

Duýduryşlar: 18 Azat Rahmanow, 23 Bäşim Gurbanberdiýew, 76 Şamämmet Agamämmedow, 88 Şatlyk Gurbanow (“Aşgabat”) – 45+2 Elýas Akyýew, 88 Arslangylyç Nazgylyjow (“Nebitçi”)

Geçirilen ýeri: «Nusaý» stadiony (Aşgabat ş.)

Duşuşygyň emini: A.Gurbanow (Aşgabat ş.) 

Kömekçi eminler: B.Atdyýew (Tejen ş.), M.Şanazarow (Mary ş.)

Ätiýaçdaky emin: R.Isaýew (Mary ş.)

Gözegçi emin: G.Öwezow (Aşgabat ş.)

 

Çempionatyň tablisasy: 

T/b Toparlar O Ý D U T U
1.  “Nebitçi” FK 3 2 1 0 5-2 7
2. “Arkadag” FK 2 2 0 0 6-1 6
3.  “Köpetdag” FK 3 2 0 1 4-5 6
4.   “Altyn Asyr” FK 2 1 1 0 2-0 4
5.  “Aşgabat” FK 2 1 0 1 2-3 3
6.  “Energetik” FK 3 1 0 2 1-3 3
7.  “Merw” FK 3 1 0 2 3-4 3
8.  “Ahal” FK 3 1 0 2 2-4 3
9.  “Şagadam” FK 3 0 0 3 2-5 0

Ýene-de okaň

Paýtagtymyzda iri sebit ýaryşyna badalga berildi

Messi PSŽ bilen hoşlaşdy

Al-Ittihad topary Benzema bilen şertnama baglaşdy – Al Ekharabiýa

Teswirle