SPORT

“Arkadag” toparynyň ýeňlişsiz ýoly dowam edýär

18-nji tapgyryň çäginde myhmançylykda “Ahal” topary bilen duşuşan “Arkadag” topary nobatdaky ýeňşini gazandy. “Nusaý” stadionynda geçirilen duşuşykda “Arkadag” topary garşydaşyndan 3:2 hasabynda üstün çykdy.

Gazanan bu ýeňşinden soň 42 utuk toplan “Arkadag” topary ýaryş tertibinde birinji orny eýelemegini dowam edýär.

Ýaryş tertibinde ikinji, üçünji orunlary degişlilikde “Altyn Asyr” (32 utuk) hem-de “Nebitçi” (25 utuk) toparlary eýeleýärler.

 

18-nji tapgyryň duşuşyklary:

 “Ahal” – “Arkadag” – 2:3

Gollar: 22 Gurban Annaýew  (11 m.j.u.), 26 Ýazgylyç Gurbanow (“Ahal”) – 38 Möwlamberdi Goşşanow (öz derwezesine), 42 Didar Durdyýew, 45 Begmyrat Baýow (11 m.j.u.) (“Arkadag”)

Duýduryşlar: 44 Ýakup Maksadow, 67 Meýlis Diniýew, 67 Serdar Geldiýew (baş tälimçi) – 73 Şanazar Tirkişow, 82 Begmyrat Baýow (“Arkadag”)

Geçirilen ýeri: “Nusaý” stadiony (Aşgabat ş.)

Duşuşygyň emini: A.Sapaýew (Daşoguz ş.) 

Kömekçi eminler: P.Pälwanow (Daşoguz ş.), A.Begnazarow (Mary ş.)

Ätiýaçdaky emin: Ý.Jumamyradow (Aşgabat ş.)

Gözegçi emin: E.Ramazanow (Aşgabat ş.)

 

Çempionatyň tablisasy:    

T/b Toparlar O Ý D U T U
1.   «Arkadag» 14 14 0 0 48-12 42
2.   «Altyn Asyr» 14 10 2 2 37-12 32
3.  «Nebitçi» 14 8 1 5 23-16 25
4.  «Aşgabat» 16 6 2 8 25-35 20
5.  «Köpetdag» 14 5 2 7 18-29 17
6.  «Ahal» 14 5 1 8 20-22 16
7.  «Merw» 11 3 3 5 12-15 12
8.  «Energetik» 15 4 0 11 12-33 12
9.  «Şagadam» 16 2 3 11 10-27 9

Ýene-de okaň

“Time” žurnaly: Messi ýylyň türgeni

Ata Watan Eserleri

Ahal» topary «Al-Ain» toparyny kabul eder

“Arkadag” topary – çempion

Futbol boýunça Ýewropa çempionatynyň bijeleri çekildi

Ata Watan Eserleri

Gurban Berdiýewiň “Dinomasy” birinjilige geçdi

“Merw” (Türkmenistan) – “Rawşan” (Täjigistan): 1-1