TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

“Arkadag” toparynyň uly hasaply ýeňişleri

Futbol boýunça Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 7-nji tapgyrynyň duşuşyklary geçirildi.

Bu tapgyrda myhmançylykda çykyş eden “Arkadag” topary “Energetikden” 5:1 hasabynda üstün çykyp, toplan 18 utugy bilen ýaryş tertibinde birinji basgançagy eýelemegini dowam edýär.

Oýun gününiň esasy duşuşyklarynyň birinde “Altyn Asyr” topary myhmançylykda “Aşgabady” 1:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Gazanan bu ýeňşinden soň 14 utuk toplan paýtagtymyzyň topary eýeleýän ikinji ornuny saklap galdy.

Türkmenbaşy şäherinde geçirilen duşuşykda “Şagadam” “Merw” bilen 0:0 hasabynda deňme-deň oýnady.

Balkanabadyň “Nebitçisi” 1:0 hasabynda “Ahaldan” üstün çykdy. “Nebitçi” topary gazanan bu ýeňşinden soň 13 utuk toplap, üçünji orunda ornaşdy.

Ýurdumyzyň futbol çempionatynyň 8-nji tapgyrynyň duşuşyklary 23-nji hem-de 24-nji maýda geçiriler: “Köpetdag” – “Nebitçi”, “Merw” – “Energetik”, “Altyn Asyr” – “Arkadag”, “Şagadam” – “Aşgabat”.

 

7-nji tapgyryň duşuşyklary:

 “Şagadam” – “Merw” – 0:0

Duýduryşlar: 5 Baýram Ataýew, 42 Salim Umarow (“Şagadam”) – 42 Musa Nurnazarow, 50 Ýagşysähet Döwletgeldiýew, 56 Döwletmyrat Döwletmyradow (“Merw”)

Geçirilen ýeri: “Şagadam” stadiony (Türkmenbaşy ş.)

Duşuşygyň emini: J.Jumamyradow (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: R.Ereşow (Türkmenabat ş.), M.Nurberdiýew (Aşgabat ş.)

Ätiýaçdaky emin: A.Weliýew (Änew ş.)

Gözegçi emin: H.Rejepow (Aşgabat ş.)

***

 “Aşgabat” – “Altyn Asyr” – 0:1

Gol: 62 Garly Garlyýew, öz derwezesine

Duýduryşlar: 70 Bäşim Gurbanberdiýew (“Aşgabat”) – 12 Selim Nurmyradow, 29 Hoşgeldi Hojowow, 69 Myrat Annaýew (“Altyn Asyr”)

Geçirilen ýeri: “Nusaý ” stadiony (Aşgabat ş.)

Duşuşygyň emini: R.Mämmedow (Aşgabat ş.) 

Kömekçi eminler: P.Pälwanow (Daşoguz ş.), A.Gurbanow (Aşgabat ş.)

Ätiýaçdaky emin: B.Haknazarow (Aşgabat ş.)

Gözegçi emin: R.Pälwanow (Daşoguz ş.)

***

 “Nebitçi” – “Ahal” – 1:0

Gol: 7 Begli Meredow (“Nebitçi”)

Duýduryşlar: 8 Döwran Berdiýew, 63 Arslangylyç Nazgylyjow, 90+6 Seýitmämmet Hojamämmedow (“Nebitçi”) – 14 Döwran Hojamämmedow, 50 Azat Hojamuhammedow, 90+6 Meýlis Diniýew (“Ahal”)

Geçirilen ýeri: “Sport toplumy” stadiony (Balkanabat ş.)

Duşuşygyň emini: A.Sapaýew (Daşoguz ş.) 

Kömekçi eminler: A.Begnazarow (Mary ş.), Ý.Jumamyradow (Aşgabat ş.)

Ätiýaçdaky emin: S.Çaryýew (Mary ş.)

Gözegçi emin: M.Seýitgulyýew (Aşgabat ş.)

***

 “Energetik” – “Arkadag” – 1:5

Gollar: 58 Arslan Ýusupow (“Energetik”) – 28, 63 Begenç Akmämmedow, 38, 56 Didar Durdyýew, 70 Altymyrat Annadurdyýew (“Arkadag”)

Duýduryşlar: 85 Aly Haýdarow (“Energetik”) – 22 Yhlas Saparmämmedow (“Arkadag”)

Geçirilen ýeri: «Energetik» stadiony (Mary ş.)

Duşuşygyň emini: Ş.Hydyrow (Balkanabat ş.) 

Kömekçi eminler: E.Annamyradow (Balkanabat ş.), M.Allaberdiýew (Aşgabat ş.)

Ätiýaçdaky emin: R.Isaýew (Mary ş.)

Gözegçi emin: E.Ramazanow (Aşgabat ş.)

 

VII tapgyrdan soň Çempionatyň tablisasy:    

T/b Toparlar O Ý D U T U
1.    “Arkadag” 6 6 0 0 24-4 18
2.   “Altyn Asyr” 6 4 2 0 12-2 14
3.  “Nebitçi” 6 4 1 1 9-7 13
4.  “Köpetdag” 6 3 2 1 9-9 11
5.  “Aşgabat” 6 3 0 3 7-8 9
6.  “Merw” 6 1 2 3 6-10 5
7.  “Şagadam” 7 1 1 5 3-13 4
8.  “Ahal” 7 1 0 6 3-10 3
9.  “Energetik” 6 1 0 5 2-12 3

Ýene-de okaň

Messi PSŽ bilen hoşlaşdy

Al-Ittihad topary Benzema bilen şertnama baglaşdy – Al Ekharabiýa

Real Eden Hazard bilen şertnamasyny bes etdi

Teswirle