SPORT

“Arkadag” topary uly hasaply ýeňiş gazandy

10-njy martda paýtagtymyzdaky “Sport toplumy” stadionynda 3-nji tapgyryň çäginde “Arkadag” hem-de “Nebitçi” toparlary duşuşdylar. Bu duşuşyk 5:0 hasabynda “Arkadag” toparynyň peýdasyna tamamlandy.

Gazanan bu ýeňşinden soň 6 utuk toplan “Arkadag” topary ýaryş tertibinde ikinji basgançaga geçmegi başardy.

Bu tapgyryň beýleki duşuşyklarynda ýaryş tertibiniň öňbaşçysy “Ahal” öz meýdanynda “Şagadamdan” (1:0), “Energetik” bolsa myhmançylykda “Köpetdag” bilen deňme-deň oýnady (1:1).

Geçirilen duşuşyklardan soň 9 utuk toplan “Ahal” toparynyň ýaryş tertibinde birinji basgançagy eýeleýändigini bellemek gerek.

Ýurdumyzyň futbol çempionatynyň 3-nji tapgyrynyň jemleýji duşuşygy 11-nji martda geçirilip, onda “Aşgabat” hem-de “Merw” toparlary duşuşarlar.

***

3-nji tapgyryň duşuşyklary:

 “Arkadag” – “Nebitçi” – 5:0

Gollar: 12 Şanazar Tirkişow, 15 Didar Durdyýew, 55, 74 Altymyrat Annadurdyýew, 77 Nazar Towakelow (“Arkadag”)

Duýduryşlar: 27 Ybraýym Mämmedow, 64 Abdy Bäşimow (“Arkadag”) – 27 Arslangylyç Nazgylyjow, 32 Daýanç Nuryýew (“Nebitçi”)

Geçirilen ýeri: “Sport toplumy” stadiony (Aşgabat ş.; Büzmeýin etr.)

Duşuşygyň emini: A.Sapaýew (Daşoguz ş.)

Kömekçi eminler: N.Garajaýew (Aşgabat ş.), M.Allaberdiýew (Aşgabat ş.)

Ätiýaçdaky emin: H.Gurbanow (Aşgabat ş.)

Gözegçi emin: G.Öwezow (Aşgabat ş.)

***

 “Ahal” – “Şagadam” – 1:0

Gol: 90 Alibek Abdyrahmanow (“Ahal”)

Duýduryşlar: 16 Ýagşysähet Döwletgeldiýew, 65 Meýlis Diniýew, 70 Bagtyýar Gürgenow (“Ahal”) – 10 Baýram Ataýew, 10 Ýewgeniý Tkaçenko (tälimçi), 80 Röwşen Baýlyýew (“Şagadam”)

Bellik: duşuşygyň 82-nji minutynda Elman Tagaýew (“Ahal”) 11 metrlik jerime urgusyny dürs ýerine ýetirip bilmedi.

Geçirilen ýeri: “Sport desga” (Ahal wel. Gökdepe etr. Babarap geňeşligi)

Duşuşygyň emini: B.Haknazarow (Aşgabat ş.) 

Kömekçi eminler: A.Gurbanow (Aşgabat ş.), E.Ýazmyradow (Aşgabat ş.)

Ätiýaçdaky emin: M.Şanazarow (Ýolöten ş.)

Gözegçi emin: R.Japarow (Aşgabat ş.)

***

 “Köpetdag” – “Energetik” – 1:1

Gollar: 60 Orazmuhammet Işangulyýew (“Köpetdag”) – 6 Awdyresul Abdyýew (“Energetik”)

Duýduryş: 27 Röwşenbek Rahymow (“Energetik”)

Geçirilen ýeri: “Köpetdag” stadiony (Aşgabat ş.)

Duşuşygyň emini: A.Goşşanow (Tejen ş.) 

Kömekçi eminler: P.Pälwanow (Daşoguz ş.), Y.Kurambaýew (Daşoguz ş.)

Ätiýaçdaky emin: S.Çaryýew (Mary ş.)

Gözegçi emin: E.Ramazanow (Aşgabat ş.)

Ýene-de okaň

“Ýüpek ýoly” rallisi: 8-nji tapgyrda Maksatmyrat Daňatarow ýeňiş gazandy

Ata Watan Eserleri

Dünýä belli boksçy Muhammet Alynyň durmuşy boýunça serial düşüriler

Ata Watan Eserleri

Basketbol duşuşyklary üçin 76 milliardlyk şertnama

“Arkadag” we “Ahal” Naýbaşy kubogy üçin bäsleşer

Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky bäsleşigiň bijeleri çekildi

Türkmen küştçüleri meşhur grossmeýsteriň ýolbaşçylygynda Bütindünýä olimpiadasyna taýýarlanýarlar