SPORT

«Arkadag» topary Russiýanyň «Pari NN» toparyny ýeňdi

Türkmenistanyň çempiony «Arkadag» futbol topary BAE-däki okuw-türgenleşik ýygnanyşygynyň çäginde Russiýanyň «Pari NN» topary bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi.

18-nji fewralda geçirilen duşuşykda türkmen topary ýeňiş gazandy. Russiýaly garşydaşlaryny 2:1 hasabynda ýeňen “Arkadag” toparynyň gollaryny 23-nji minutda Begmyrat Baýow hem-de 68-nji minutda 11 metrlik jerime urgusyndan Didar Durdyýew geçirdi.

Oýnuň 21-nji minutynda rus topary Nikoloz Kutatelazde bilen öňe geçdi. Ýöne ruhdan düşmedik türkmen futbolçylary birnäçe minutdan soňra hasaby deňledi. Duşuşygyň ikinji ýarymynda bolsa, öňe saýlanan “Arkadag” topary ýeňiş gazanmagy başardy.

Russiýanyň «Pari NN» topary Russiýanyň çempionatynda 18 tapgyryň netijesinde 24 utuk bilen 9-njy oprunda barýar.

Ýeri gelende belläp geçsek, Wladimir Baýramowdan tälim alýan «Arkadag» topary 4-nji martda başlanjak Türkmenistanyň çempionatynyň täze möwsümine taýýarlyk görýär. Topar şu maksat bilen Türkiýäniň Antalýa şäherinde guralan okuw-türgenleşik ýygnanyşygynyň çäklerinde Demirgazyk Makedoniýanyň «Wardar» (1:0), Ukrainanyň «Şahtýor» (1:4) we «Dnepr-1» (0:1) toparlary bilen ýoldaşlyk duşuşyklaryny geçirdi.

«Arkadag» topary nobatdaky duşuşygyny 21-nji fewralda “Zenit” toparyna garşy geçirer.

Ýene-de okaň

“Ýüpek ýoly” rallisi: 8-nji tapgyrda Maksatmyrat Daňatarow ýeňiş gazandy

Ata Watan Eserleri

Dünýä belli boksçy Muhammet Alynyň durmuşy boýunça serial düşüriler

Ata Watan Eserleri

Basketbol duşuşyklary üçin 76 milliardlyk şertnama

“Arkadag” we “Ahal” Naýbaşy kubogy üçin bäsleşer

Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky bäsleşigiň bijeleri çekildi

Türkmen küştçüleri meşhur grossmeýsteriň ýolbaşçylygynda Bütindünýä olimpiadasyna taýýarlanýarlar