TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

“Arkadag” topary “Nebitçiden” üstün çykdy

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 6-njy tapgyynyň jemleýji duşuşygynda “Arkadag” topary öz meýdanynda Balkanabadyň “Nebitçisinden” 5:0 hasabynda üstün çykdy. “Arkadag” topary gazanan bu ýeňşinden soň toplan 15 utugy bilen ýaryş tertibinde birinji orny eýelemegini dowam edýär.

Ýaryş tertibinde ikinji, üçünji orunlary degişlilikde “Altyn Asyr” hem-de “Köpetdag” toparlary eýeleýärler. Bu toparlaryň ikisi-de 11 utukdan toplamagy başardylar.

Ýurdumyzyň futbol çempionatynyň 7-nji tapgyrynyň duşuşyklary 17-nji maýda geçiriler – “Şagadam” – “Merw”, “Aşgabat” – “Altyn Asyr”, “Nebitçi” – “Ahal” hem-de “Energetik” – “Arkadag”.

***

6-njy tapgyryň duşuşygy:

“Arkadag” – “Nebitçi” – 5:0

Gollar: 23, 66 Didar Durdyýew, 73 Begenç Akmämmedow, 77 Altymyrat Annadurdyýew, 82 Yhlas Saparmämmedow (“Arkadag”)

Geçirilen ýeri: «Nusaý» stadiony (Aşgabat ş.)

Duşuşygyň emini: R.Ereşow (Türkmenabat ş.) 

Kömekçi eminler: A.Begnazarow (Mary ş.), M.Şanazarow (Mary ş.)

Ätiýaçdaky emin: M.Nurberdiýew (Aşgabat ş.)

Gözegçi emin: B.Allaberdiýew (Aşgabat ş.)

 

Çempionatyň tablisasy: 

T/b Toparlar O Ý D U T U
1. “Arkadag” FK 5 5 0 0 19-3 15
2.   “Altyn Asyr” FK 5 3 2 0 11-2 11
3.  “Köpetdag” FK 6 3 2 1 9-9 11
4.  “Nebitçi” FK 5 3 1 1 8-7 10
5.  “Aşgabat” FK 5 3 0 2 7-7 9
6.  “Merw” FK 5 1 1 3 6-10 4
7.  “Ahal” FK 6 1 0 5 3-9 3
8.  “Şagadam” FK 6 1 0 5 3-13 3
9.  “Energetik” FK 5 1 0 4 1-7 3

Ýene-de okaň

Türkmenistanly tennisçiler Özbegistanyň ýygyndysyny taryhy ýeňiş bilen utdy

Bellingem “Real” toparyna geçdi

43 ýyldan soňra kubok gazandy

Teswirle