TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

“Arkadag” topary çempionata ýeňiş bilen başlady

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň ikinji tapgyrynyň çäginde duşuşyklaryň üçüsi geçirildi. Bu tapgyryň merkezi duşuşygynda täze döredilen “Arkadag” topary çempionatdaky ilkinji duşuşygyny geçirdi. Mary şäheriniň “Merw” toparyny kabul eden “Arkadag” topary garşydaşyndan 2:1 hasabynda üstün çykdy. “Arkadag” toparyna ýeňiş getiren gollary Didar Durdyýew bilen Arslanmyrat Amanow öz atlaryna ýazdyrdylar.

Oýun gününiň beýleki duşuşyklarynda “Nebitçi” öz meýdanynda “Şagadamdan”, “Köpetdag” bolsa myhmançylykda “Energetikden” üstün çykdylar.

Geçirilen duşuşyklarda 6 utuk toplan “Köpetdag” topary ýaryş tertibinde birinji basgançagy eýeleýär.

Futbol çempionatymyzyň 2-nji tapgyrynyň jemleýji duşuşygy 19-njy aprelde geçirilip, onda “Ahal” bilen “Altyn Asyr” toparlary duşuşarlar.

 “Arkadag” – “Merw” – 2:1

Gollar: 6 Didar Durdyýew, 10 Arslanmyrat Amanow (“Arkadag”) – 49 Alibek Abdyrahmanow (“Merw”)

Duýduryşlar: 5 Mekan Saparow, 68 Yhlas Toýjanow (“Arkadag”) – 75 Ambýar Mahmudow, 85 Kemal Annamuhammedow (“Merw”)

Geçirilen ýeri: “Nusaý” stadiony (Aşgabat ş.)

Duşuşygyň emini: A.Goşşanow (Tejen ş.) 

Kömekçi eminler: N.Garajaýew (Aşgabat ş.), Ý.Jumamyradow (Aşgabat ş.)

Ätiýaçdaky emin: H.Abdiýazow (Daşoguz ş.)

Gözegçi emin: R.Pälwanow (Daşoguz ş.)

Duşuşygyň komissary: O.Mämmetgeldiýew (Aşgabat ş.)

 

Ýene-de okaň

Messiniň rekordy, Ronaldo kuboksyz galdy

Messi 43-nji kubogyny gazandy

Messili “PSŽ” topary çempion boldy

Teswirle