SPORT

“Arkadag” topary 100 pökgi geçirdi

Arkadag şäheriniň adybir futbol topary şu baharda bir ýaşady. Mundan göni bir ýyl ozal aprel aýynda ilkinji resmi duşuşygyny geçiren täze topar gysga wagtyň içinde üstünliklerden üstünliklere ýol aşdy. Ýurdumyzda geçen ýylyň futbol möwsümi «Arkadag» toparynyň goşa baýraga — çempionlygyna we Kuboga eýe bolmagyna beslendi. Milli çempionatymyzyň mart aýynda badalga berlen täze möwsüminiň ýakynda geçirilen 5-nji tapgyrynyň duşuşygynda bolsa «Arkadag» futbol topary çempionatdaky 100-nji pökgüsini geçirip, ýene bir ajaýyp üstünligi gazanmagy başardy. Bu barada “Türkmenistan” gazeti habar berýär. 

Täze üstünligiň has täsin tarapy bolsa toparyň 100 goly bary-ýogy 28 duşuşyga ýerleşdirmegidir. Munuň özi toparyň futbolçylarynyň her duşuşykda 3,5 gezekden hem kän tapawutlanandygyny görkezýär.

Arkadag şäheriniň adybir futbol topary taryhyndaky ilkinji resmi duşuşygyny geçen ýylyň 18-nji aprelinde Türkmenistanyň çempionatynyň 2-nji tapgyrynyň çäginde Marynyň «Merw» topary bilen geçirip, garşydaşyny 2:1 hasabynda ýeňipdi. Şol günden hem toparyň milli çempionatymyzdaky we Türkmenistanyň kubogyndaky ýeňişli menzilleri başlandy. Topar ilkinji resmi duşuşygynyň bir ýyllygyna 13 gün galanda, 5-nji aprelde çempionatdaky 100-nji pökgüsini geçirip, ýyldyrym çaltlygynda ilerleýändigini ýene bir ýola subut etdi.

Aslynda, häzirki wagtda toparyň hasabynda milli çempionatymyzda 100 däl-de, 103 gol bar. «Arkadag» futbol topary 5-nji tapgyrda paýtagtymyzyň adybir toparyny 8:1 hasabynda ýeňdi. Ine, şol duşuşykdaky bäşinji gol toparyň milli çempionatymyzdaky 100-nji goly hökmünde hasaba alyndy. Bu goly duşuşygyň 22-nji minudynda hüjümçi Altymyrat Annadurdyýew geçirdi.

Gürrüňiň diňe Türkmenistanyň çempionatyndaky duşuşyklar we gollar barada barýandygyny ýene bir gezek ýatladyp, «Arkadag» futbol toparynyň ilkinji resmi duşuşygyndan bäri bassyr 35 duşuşykda ýeňiş gazanyp gelýändigine hem ünsüňizi çekmek isleýäris. Topar bu duşuşyklaryň ýedisini Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky ýaryşda geçirip, ýokarda hem belleýşimiz ýaly, ilkinji möwsüminde arzyly Kubogyň eýesi boldy. Eger iki ýaryşda bilelikde geçirilen 35 duşuşygyň hasabatyny ýöretmeli bolsak, toparyň gollarynyň sany 131-e dagy ýetýär.

Ýene bir maglumata ünsüňizi çekmek isleýäris. Toparyň bir ýyla golaý wagtyň dowamynda milli çempionatymyzda geçiren 103 pökgüsiniň deň ýaryna golaýyny — 50-sini üç futbolçy geçirdi. Has takygy, ýetilen sepgide hüjümçiler Didar Durdyýew 29, Altymyrat Annadurdyýew 12, Begmyrat Baýow bolsa 9 gol bilen goşant goşdy. Geçen döwürde milli çempionatymyzda toparyň futbolçylarynyň 19-sy tapawutlandy.

Ýene-de okaň

Messi iň köp kubok gazanan futbolçy boldy

“Zenit” topary 5-nji gezek Russiýanyň Superkubogyny gazandy

Türkmen türgenleri 6 aýda 361 medal gazandy

“Ýüpek ýoly” rallisi: 8-nji tapgyrda Maksatmyrat Daňatarow ýeňiş gazandy

Ata Watan Eserleri

Dünýä belli boksçy Muhammet Alynyň durmuşy boýunça serial düşüriler

Ata Watan Eserleri

Basketbol duşuşyklary üçin 76 milliardlyk şertnama