TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Arkadag şäheriniň ýerli býujeti taýýarlanýar

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisi geçirildi. Onda Arkadag şäheriniň ýerli býujetini düzmek babatda alnyp barylýan işler barada hasabat berildi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, häzirki wagtda täze şäheriň açylyş dabarasyna taýýarlyk işleri ýokary depginde alnyp barylýar. Şäheriň häkimligi we ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň düzüm birlikleri döredildi, olaryň guramaçylykly işini üpjün etmek boýunça zerur çäreler görülýär.

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan degişli kadalar hem-de görkezijiler esasynda Arkadag şäheriniň ýerli býujeti boýunça degişli hasaplamalar geçirildi.

Ýene-de okaň

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ulgamynyň işgärlerine

Türkmenistanyň Prezidenti Hindistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty

Teswirle