TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Arkadag şäheriniň halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlary geçiriler

Türkmenistanyň Maslahatlar merkeziniň binasynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Halk Maslahatynyň mejlisi geçirildi.

Halk Maslahatynyň mejlisinde çykyş eden türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäheriniň halk maslahatlarynyň agzalaryny saýlamak üçin saýlawlary geçirmek göz öňünde tutulýandygyny belledi.

Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we kanunlaryna laýyklykda, Arkadag şäherinde we onuň etraplarynda Arkadag şäheriniň halk maslahaty we onuň etraplarynyň halk maslahatlary döwlet häkimiýetiniň ýerli wekilçilikli edaralary bolup durýarlar. Arkadag şäheriniň we onuň etraplarynyň halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlarynyň tertibi Türkmenistanyň Kanunlary bilen bellenilýär.

Nesip bolsa, ýaşaýyş jaýlaryna raýatlarymyz ýakyn wagtda göçüp gelerler. Şonuň üçin hem Arkadag şäheriniň we täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlaryny geçirmek bilen bagly işleri Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topara hem-de Türkmenistanyň Mejlisine tabşyrýaryn, diýip türkmen halkynyň Milli Lideri belledi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherini ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi

Tebigaty goramak — halkara tagallalary birleşdirmegiň möhüm ugry

Türkmenistanyň Prezidenti Şwesiýanyň Patyşasyny gutlady

Teswirle