JEMGYÝET

Arkadag şäherini 2024–2052-nji ýyllarda ösdürmegiň konsepsiýasy taýýarlanar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň mejlisindäki eden çykyşynda Arkadag şäherini 2024 – 2052-nji ýyllarda ösdürmegiň konsepsiýasyny taýýarlamagy maksadalaýyk hasaplaýandygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde nusgalyk işler amala aşyrylýar. Ýokary amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary, dolandyryş binalary, bilim we saglyk edaralary, söwda-dynç alyş merkezleri, seýilgähler gurlup, ulanmaga berildi. Arkadagly Serdarymyzyň aýdyşy ýaly, öz gurluşykçylarymyz tarapyndan bary-ýogy dört ýyldan gowrak wagtda bina edilen Arkadag şäheri iri ylym-bilim, medeni we halkara hyzmatdaşlygynyň merkezine öwrüler

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, halkara sylaglarynyň 21-sine mynasyp bolan bu ajaýyp şäheriň gurluşygynda «akylly şäher» konsepsiýasynyň kadalary, «ýaşyl tehnologiýalar» giňden ulanyldy hem-de şäheriň derejesi we ähmiýeti ýurdumyzyň kanunçylygynda hukuk taýdan berkidildi.

«Şunuň bilen baglylykda, dünýäde mynasyp orny eýelemegi üçin, Arkadag şäherini 2024–2052-nji ýyllarda ösdürmegiň konsepsiýasyny taýýarlamagy hem maksadalaýyk hasaplaýarys» – diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Ýene-de okaň

COP-28 sammiti: dünýä döwletleriniň başlangyçlary

Putin Türkmenistanyň ilçisinden ynanç hatyny kabul eder

Türkmenistanyň Prezidentiniň COP-28 mejlisindäki ÇYKYŞY

Türkmenistanyň Prezidentiniň BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary bilen duşuşygy

Türkmenistan howanyň üýtgemegi boýunça Sebit merkezi başlangyjyny öňe sürýär

Türkmenistan teklip edilýän Howa we Saglyk boýunça Jarnamany goldaýar