Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Bu barada Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň resmi saýtynda bellenilip geçilýär.
Onuň çäklerinde Milli Liderimiz Arkadag şäheriniň aragatnaşyk müdirligine bardy we bu ýerde şäheri sanlylaşdyrmak babatda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri bu ýerde zähmet çekýän hünärmenler bilen söhbetdeş bolup, olaryň alyp barýan işleri bilen gyzyklandy.
Arkadag şäheriniň sanly ulgamyň giň toplumyny özünde jemlemek bilen, bu ýerde desgalara sanly ulgamyň çäksiz mümkinçilikleriniň ornaşdyrylmagynyň ähmiýeti barada aýdyp, Halk Maslahatynyň Başlygy döwrebap tehnologiýalaryň netijeli ulanylmalydygyny hem-de bu işleri mundan beýläk-de güýçlendirmek babatda aragatnaşyk müdirliginiň hünärmenlerine birnäçe maslahatlaryny berdi.
Hünärmenler öz gezeginde bu ýerde döredilen döwrebap mümkinçilikler üçin Halk Maslahatynyň Başlygyna hoşallyklaryny beýan etdiler we öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.
Halk Maslahatynyň Başlygy öň hiç ýerde ulanylmadyk, ýagny, 123 belgili ulgamy bellemek hakynda karara gelendigini aýtdy we bu ulgamyň ilkinji gezek Arkadag şäherine ornaşdyrylýandygyny belledi.
123 belgili bu ulgam müşderileriň telefon arkaly ýüz tutmalaryny kabul edip, gaýtadan işläp, degişlilikde gaz howpsuzlygy, ýangyn howpsuzlygy we tiz kömek merkezlerine maglumat berýär we bu ugurda zerur işleriň geçirilmegini guraýar. Şeýlelikde döräp biläýjek heläkçiligiň öňi alynýar.
Bu bolsa, adamlaryň rahat, oňaýly şertlerde ýaşamaklaryny şertlendirýär. Ýaşaýyş jaýlarynda we beýleki desgalarda bu ulgamyň ornaşdyrylmagy raýatlaryň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek maksady bilen, sanly ulgam arkaly yzygiderli gözegçilikde saklanýandygyny görkezýär. Bu işleriň hemmesiniň sanly ulgam arkaly dolandyrylmagy maglumatlaryň gyssagly ýetirilmegini we degişli kömegiň ýola goýulmagyny üpjün edýär. Munuň özi ýurdumyzyň her bir raýatynyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly meseleleriň döwletiň üns merkezinde saklanýandygynyň aýdyň beýanydyr.