SPORT

Arkadag şäherinde ýurdumyzyň milli Futbol federasiýasynyň merkezi binasy gurlar

Arkadag şäherine iş saparynyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideriniň garamagyna merkeziň çäginde gurluşygy alnyp barylýan we gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň taslamalary hem-de olaryň ýerleşdiriljek ýerleriniň çyzgylary görkezildi. Şeýle hem ýurdumyzyň milli Futbol federasiýasynyň merkezi binasynyň taslamasy we onuň özboluşly aýratynlygy barada hasabat berildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri täze toplumyň binagärlik çözgüdini oňlap, gurluşyk işleriniň ýokary derejede amala aşyrylmagynyň wajypdygyna ünsi çekdi.

1.00_07_51_17.Still004.png

Üç gatdan ybarat boljak binada bu ugra degişli halkara we sebitara derejesindäki maslahatlary, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn duşuşyklary geçirmek üçin ähli zerur şertler üpjün edilmelidir.

Ýene-de okaň

Asyryň boks tutluşygy: Fýuri-Usik duşuşýar

Ata Watan Eserleri

Ronaldodan özboluşly rekord

Türkmenistanyň Kubogynyň ýarym finalynyň birinji duşuşyklary geçirildi

“Arkadag” toparynyň ýeňlişsiz ýoly dowam edýär

Türkmen türgeni Aziýa oýunlarynda bürünç medal gazandy

Hytaýda 19-njy Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasy geçirildi