JEMGYÝETMEDENIÝET

Arkadag şäherinde Medeniýet hepdeligi badalga alýar

Şu gün Arkadag şäherinde Medeniýet hepdeligi badalga alýar. Medeniýet hepdeliginiň çäginde ýurdumyzda her ýyl Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni uludan bellenilýär.

Bu ýyl Medeniýet hepdeliginiň ilkinji gezek Arkadag şäherinde geçirilýändigi bellemek bolar.  Arkadag şäherinde ilkinji gezek geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň dowamynda guraljak medeni çäreler barada bellep geçmek has makul bolar.

GEÇIRILJEK ÇÄRELER:

  • «Muzeý gymmatlyklaryny hasaba almak we gorap saklamak boýunça dünýä tejribesiniň mümkinçilikleri» atly iş maslahaty hem-de muzeý gymmatlyklarynyň we amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi
  • Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynyň döredijilik topary tarapyndan sahnalaşdyrylan «Älem nury» atly sahna eseriniň ilkinji görkezilişi
  •  «Magtymguly» operasynyň görkezilişi
  •  kino sungatyna bagyşlanan döredijilik duşuşygy we «Kompozitor» atly filmiň görkezilişi
  • Çagalar döredijilik toparlarynyň «Arkadagyň bagtyýar nesilleri» atly aýdym-sazly çykyşlary
  • şahyrlaryň «Arkadag şäheri — bagtyň şäheri» atly şygryýet agşamy
  • welaýatlarymyzyň, Aşgabat hem Arkadag şäherleriniň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti
  • žurnalistleriň we beýleki döredijilik işgärleriniň dabaraly maslahaty
  •  foruma gatnaşyjylaryň Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Dokmaçylar» medeni merkeziniň açylyş dabarasyna gatnaşmaklary
  • Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirki tarapyndan taýýarlanan «Görogly» atly teatrlaşdyrylan sirk tomaşasynyň ilkinji görkezilişi
  • ýaşlaryň arasynda yglan edilen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy
  • Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli baýramçylyk konsertidir döredijilik agşamy
  • Arkadag şäheriniň açylmagynyň 1 ýyllygy mynasybetli aýdym-sazly baýramçylyk dabaralary

Ýene-de okaň

BMG-niň Baş sekretary türkmen halkynyň Milli Liderine hat iberdi

Antoniu Guterriş Türkmenistanyň Prezidentine hat iberdi

Ata Watan Eserleri

Lebapdaky mugallymçylyk mekdebi Türkmenistanyň ähli ýerlerinde ýaşaýan ýaşlary okuwa kabul eder

Türkmenistanyň Prezidenti ÝUNISEF-iň ýurdumyzdaky täze wekilini kabul etdi

Ata Watan Eserleri

Türkiýäniň energetika ministri Türkmenistana sapar bilen geler

Baýraktar: türkmen gazyny Eýranyň üsti bilen import etmegi meýilleşdirýäris