BILIMJEMGYÝET

Arkadag şäherinde Halkara matematika olimpiadasy başlady

Şu gün Arkadag şäherindäki 1-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumynda mekdep okuwçylarynyň arasynda matematika dersi boýunça halkara olimpiadanyň açylyş dabarasy geçirildi. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlyk etmegine geçirilýän bu bilim olimpiadasy dünýäniň dürli döwletlerinden 120-den gowrak mekdep okuwçysyny hem-de olaryň ýany bilen gelen 40-a golaý mugallymlaryny bir ýere jemledi.

Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilýän olimpiada Türkmenistandan, Azerbaýjandan, Bolgariýadan, Belarusdan, Eýrandan, Gazagystandan, Hytaýdan, Katardan, Täjigistandan, Türkiýede, Özbegistandan, Russiýa Federasiýasyndan we Saud Arabystanydan ýaş matematikler gatnaşýar.

Şu hepdäniň ahyryna çenli dowam etjek olimpiadanyň emin agzalarynyň düzümine ýurdumyzyň birnäçe ýokary okuw mekdepleriniň we orta mekdepleriniň mugallymlary, şeýle hem olimpiada gatnaşyjy döwletleriň milli toparlarynyň ýolbaşçylary girdi.

Halkara matematika olimpiadasy 30-njy marta çenli dowam edýär.

Halkara matematika olimpiadasy mekdep okuwçylarynyň tebigy zehin-başarnyklaryny ösdürmek, dost-doganlygy berkitmek arkaly giň dünýägaraýyşly öňdebaryjy ýaşlary kemala getirmek, ylym we döredijilik bilen işjeň meşgullanmaklaryna höweslendirmek, olaryň intellektual ösüşi bilen bagly hünär saýlamaklaryna oňyn şertleri döretmek maksady bilen geçirilýär.

Ýene-de okaň

Angola Türkmenistana täze ilçi belledi

Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-de durnukly ulag boýunça ýokary derejeli duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň “Galkan” topary finala çykdy

Ata Watan Eserleri

Halkara informatika olimpiadasyna badalga berildi

Aşgabat-Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen-Mary bölegi açyldy

Ata Watan Eserleri

Hormatly Prezidentimiz ýokary tizlikli Aşgabat – Türkmenabat awtomobil ýolunyň Tejen – Mary böleginiň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri