JEMGYÝET

Arkadag şäherinde «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasy dörediler

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde önümçilik kuwwatlyklarynyň gurluşygy bilen baglanyşykly meseleler bilen tanyşdy hem-de täze şäherde degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Ir bilen türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine gelip, onuň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda önümçilik kuwwatlyklaryny ýola goýmak boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri bu ýerde ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi A.Begliýewiň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça Döwlet komitetiniň Başlygy D.Orazowyň, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti R.Bazarowyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy baradaky hasabatyň çäklerinde ýurdumyzda «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasy döredilip, onda saglygy goraýyş ulgamynda yzygiderli ulanylýan bir gezeklik lukmançylyk serişdeleriniň, agyz-burun örtükleriniň, düşek daşlyklarynyň öndürilýändigi barada aýtdy. Munuň özi lukmançylyk edaralarynda zerur bolan serişdeleriň ýerli çig mallardan öndürilýän möçberleriniň artmagynda we saglygy goraýyş edaralarynyň degişli serişdelere bolan islegleriniň kanagatlandyrylmagynda ähmiýetlidir.

Ýene-de okaň

Aşgabatda Olimpiýa oýunlaryna gatnaşýan türgenleri ugratmak dabarasy geçirildi

Ata Watan Eserleri

XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşýan Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň agzalaryna

Jo Baýden prezidentlige dalaşgärlikden ýüz öwürdi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň daşary işler ministri Pakistanda saparda bolar

Türkmenistan-Owganystan-Gazagystan: täze demirýol taslamasy durmuşa geçiriler

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi 24-nji sentýabrda geçiriler