TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Arkadag şäheri: ykdysadyýet we bank edaralaryna ýolbaşçylar bellendi

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Maslahat köşgünde ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň hem-de Döwlet Howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň gatnaşmagynda maslahat geçirildi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, maslahatda birnäçe guramaçylyk meselelerine garaldy.

Maslahatda Arkadag şäheriniň maliýe we bank edaralaryna ýolbaşçylary bellemek hakynda geçirilen işler barada hasabat berildi.

Bellenişi ýaly:

– Arkadag şäher Maliýe we ykdysadyýet müdirliginiň başlygy  – Serdar Öwezberdiýew.

– Arkadag şäher Salgyt müdirliginiň başlygy – Şyhmuhammet Şyhymow.

– Arkadag şäher Statistika müdirliginiň başlygy – Döwletgeldi Annaberdiýew.

– Arkadag şäheriniň Pensiýa gaznasynyň müdirliginiň başlygy – Mämmetmyrat Berdýew.

– Arkadag şäheriniň “Türkmenistan” Döwlet täjirçilik bankynyň başlygy – Amandurdy Baýlyýew.

– Arkadag şäheriniň “Senagat” paýdarlar täjirçilik bankynyň başlygy – Şanazar Bäşimow.

– Arkadag şäheriniň “Daýhanbank” Döwlet täjirçilik bankynyň başlygy – Yhlas Orazberdiýew.

– Arkadag şäheriniň “Halkbank” paýdarlar täjirçilik bankynyň başlygy – Arslan Nazarow.

 

Ýene-de okaň

Türkmen halysynyň baýramy giňden bellenilýär

Türkiýede prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyry geçirilýär

Türkmenistanyň wekiliýeti Newa halkara ekologiýa kongresine gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Teswirle