Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen ýurdumyzyň gadymy künjekleriniň birinde — Köpetdagyň eteginde täze şäheriň düýbi tutuldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda Arkadag şäherini gurmak baradaky çözgüdiň kabul edilmegi Türkmenistanyň okgunly ösüşiniň aýdyň subutnamalarynyň biridigi nygtaldy. Bu pikiriň özboluşlylygy, ilkinji nobatda, täze şäheriň pederlerimiziň şöhratly taryhynyň gözbaş alýan ýerinde, Türkmenistanyň iň gadymy künjekleriniň birinde gurulýandygyndadyr. Şol bir wagtyň özünde, bu şäherde Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň täze taryhy eýýamda ýeten sepgitleri öz beýanyny tapýar. Arkadag şäheri ýurdumyzyň iri ylym-bilim, medeni we halkara merkezi bolar.
Mälim bolşy ýaly, şäheriň gurluşygynda binagärligiň we şäher gurluşygynyň öňdebaryjy usullary, “akylly” şäher konsepsiýasynyň kadalary, “ýaşyl” tehnologiýalar ulanylýar.
Bu ýerde ekologik talaplaryň ýerine ýetirilmegi aýratyn üns merkezinde. Munuň özi «akylly» şäher ulgamy esasynda dolandyrylýan şäheriň kemala getirilmegi bilen utgaşdyrylýar. Şeýlelikde, Arkadag şäheri — Türkmenistandaky ilkinji «akylly» şäherdir. Bu ýerde «ýaşyl» tehnologiýalaryň giňden ulanylmagy, sanly tehnologiýalaryň, intellektual ulgamlaryň ornaşdyrylmagy bilen «akylly» şäher konsepsiýasy durmuşa geçirilýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri täze şäher bilen baglanyşykly meseleleriň tutuş toplumyny düzgünleşdirýän kadalaşdyryjy hukuk namalaryny işläp taýýarlamak babatda birnäçe teklipleri beýan etdi. Bu ugurda alnyp barlan giň möçberli işleriň netijesinde, “Arkadag şäheri hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy işlenip taýýarlanyldy. 2023-nji ýylyň 23-nji martynda bu kadalaşdyryjy hukuk resminamasy kabul edildi we oňa Türkmenistanyň Prezidenti gol çekdi. 24-nji martda bolsa Kanun resmi metbugatda çap edildi we herekete girizildi.
Bu Kanunyň esasy düzgünleri barada aýdylanda, Arkadag şäherine ýurdumyzyň taryhynda ilkinji gezek döwlet ähmiýetli şäher derejesiniň berlendigini bellemek gerek. Täze şähere degişli başga-da kadalaşdyryjy hukuk namalary taýýarlanyldy we kabul edildi. Bellenilişi ýaly, Arkadag şäherini gurmak pikiri, onuň ýurdumyzyň syýasy kartasynda peýda bolmagy dünýä jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döredýär. Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine daşary ýurtlardan we halkara guramalardan gelip gowuşýan hatlar munuň aýdyň subutnamasydyr. Hatlarda bu şäheriň özboluşlylygy, onuň häzirki zaman şäher gurluşygynyň ýokary ölçeglerine doly laýyk gelýändigi, bu şäheriň ösüşiniň ägirt uly halkara mümkinçilikleriniň bardygy bellenilýär.
Häzirki wagtda şäheriň birinji nobatdakysynyň gurluşygynyň tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Şäheriň çäklerinde bina edilen desgalaryň açylyş dabarasyna ýokary derejede taýýarlyk görülýär. Nygtalyşy ýaly, häzirki döwürde täze şäherde dürli maksatly desgalaryň 336-synyň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Bu işlerde ýaşlaryň tekliplerine, täzeçil garaýyşlaryna zerur üns berilýär. Şeýlelikde, hormatly Arkadagymyzyň başlangyjy bilen täze şäher, sözüň doly manysynda, ýaşlaryň şäherine öwrüldi. Şoňa görä-de, şäheriň geljekki ösüşinde ýaşlaryň bilimine, başarnygyna we täze bellenen ýolbaşçylaryň guramaçylyk ukyplaryna möhüm ähmiýet berler.
Arslan Begmyradow,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň
“Ykdysadyýet we sanly tehnologiýalar” fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.