TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Arkadag şäheri Ýaponiýanyň Kobe şäherinde tanyşdyryldy

Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçihanasy Ýaponiýanyň Kobe şäherinde Arkadag şäheriniň tanyşdyrylyş maslahatyny geçirdi.

Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi Atadurdy Baýramow bilen Ýaponiýanyň Kobe şäheriniň häkimi Kizo Hisamotonyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda Ilçi Kobe şäher häkimliginiň ýolbaşçylaryna Arkadag şäheri we şäheriň gurluşygynyň aýratynlyklary barada giňişleýin maglumat berdi.

Şeýle hem Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi Ýaponiýanyň Kobe uniwersitetiniň prezidenti Fujisawa Masato bilen duşuşygy geçirildi.

Medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň yzygiderli giňeldilmegi türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu babatda, taraplar ylym-bilim we medeniýet ugurlary boýunça bilelikdäki çäreleri geçirmek barada bellediler.

Ýene-de okaň

Wengriýa Türkmenistanyň tebigy gazyna gyzyklanma bildirýär

Türkmenistan BMG-ä hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny döretmegi teklip etdi

Ata Watan Eserleri

TOPH gaz geçirijisi taslamasyny tizleşdirmek üçin Meýilnama gol çekildi

Teswirle