TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Arkadag şäheri: söwda, oba hojalyk, ulag-aragatnaşyk düzümlerine ýolbaşçylar bellendi

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Maslahat köşgünde ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň hem-de Döwlet Howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň gatnaşmagynda maslahat geçirildi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, maslahatda birnäçe guramaçylyk meselelerine garaldy.

Söwda toplumyna gözegçilik edýän Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýewiň hasabatyna görä, Arkadag şäher Alyjylar jemgyýeti müdirliginiň başlygy wezipesine Hojamuhammet Muhammedow bellendi.

Şeýle hem Arkadag şäher oba hojalyk müdirliginiň başlygy wezipesine Öwezgeldi Pirliýew bellendi.

Mundan başga-da, Arkadag şäheriniň ulag we aragatnaşyk düzümlerine bellenen ýolbaşçylar barada hem hasabat berildi.

Şoňa laýyklykda:

  • Arkadag şäher Aragatnaşyk müdirliginiň başlygy – Eziz Kerimow
  • Arkadag şäher Poçta-aragatnaşyk merkeziniň başlygy – Şöhrat Güjümow
  • “Altyn asyr” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň Arkadag şäher müdirliginiň başlygy – Begenç Pälwanow.

Ýene-de okaň

Atavatan Tv You Tube kanaly täze sahypasynda Size garaşýar

Baş Redaktor

Türkmen-wenger gepleşikleri: ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkiýäniň Merkezi bankynyň ilkinji zenan ýolbaşçysy

Teswirle