Gahryman Arkadagymyzyň paýhasly başlangyjyndan, Watanymyza we halkymyza bolan beýik söýgüsinden bina bolan Arkadag şäheri ýurdumyzyň barha artýan ykdysady kuwwatynyň dabaralanmasydyr. Milli medeniýetimiziň, häzirki zaman şähergurluşyk ylmynyň sanly konsepsiýasynyň, ekologiýa abadançylygynyň iň öňdebaryjy çözgütlerini özünde jemleýän bu ajaýyp şäher ýaşlaryň täze döredijilik mümkinçilikleriniň açylmagy üçin döredilen sapaly durmuş mekanydyr.
Türkmen tebigatynyň gözel künjekleriniň birinde bina edilýän Arkadag şäheri berkarar döwletimiziň güýç-kuwwatyny we ägirt uly ösüş mümkinçiliklerini bütin dünýä äşgär edýär. Milli Liderimiz bu ýerde milli we häzirki zaman binagärliginiň ösen tejribeleriniň utgaşdyrylyp, önümçilik, medeni-durmuş maksatly desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynyň «akylly» şäher konsepsiýasy esasynda alnyp barylmagynyň ata Watanymyzyň döwrebap ösüşleriniň we milliligimize goýulýan sarpanyň aýdyň nyşanydygyna ünsi çekdi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda döwletlilik ýörelgeleriniň barha rowaçlanmagyna, ykdysady kuwwatyň artmagyna, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna, Türkmenistanyň ösüş depgininiň mundan beýläk-de ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen döwlet maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen merdana ata-babalarymyzyň şöhrata beslän mukaddes taryhy topragynda gurulýan Arkadag şäheri ýaşlaryň, innowasiýanyň gazananlarynyň, «ýaşyl» ykdysadyýetiň, ekologik abadançylygyň şäheri bolar. Bu ýerde ekologik talaplaryň ýerine ýetirilmegi aýratyn üns merkezinde. Munuň özi «akylly» şäher ulgamy esasynda dolandyrylýan şäheriň kemala getirilmegi bilen utgaşdyrylýar. Şeýlelikde, Arkadag şäheri — Türkmenistandaky ilkinji «akylly» şäherdir. Bu ýerde «ýaşyl» tehnologiýalaryň giňden ulanylmagy, sanly tehnologiýalaryň, intellektual ulgamlaryň ornaşdyrylmagy bilen «akylly» şäher konsepsiýasy durmuşa geçirilýär.
Arkadag şäherinde täze ulanylyp başlanjak jemgyýetçilik ulaglarynda ýolagçylardan gelýän buýurmalar we tölegler, awtoulaglarda ornaşdyrylan döwrebap enjamlar arkaly sanly ulgamyň üsti bilen kabul ediler. Ulaglaryň ýol hatlary hem sanly ulgam arkaly ulanylar, awtoulaglaryň hereketlerine sanly ulgam arkaly gözegçilik ediler. Mundan başga-da, ulanyljak elektrobuslarda ornaşdyrylan enjamyň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, şol ulaglaryň ugurlarynyň ýol çyzgylary, ady we belgisi, olaryň duralga gelmeli wagty baradaky maglumatlary öz içine alýan ýörite ykjam mobil programma üpjünçiligi ýolagçylaryň ýakyn hemrasyna öwrüler.
Häzirki döwürde şäher gurluşygy babatda dünýäniň iň öňdebaryjy tejribeli ýurtlary hem sebitde deň-taýy bolmadyk bu ajaýyp şäherde sanly ulgam, ekologiýa abadançylygy, ýaşyl tehnologiýalar ýaly täzeçillikleriň iň soňkularynyň ornaşdyrylyşyny täze tejribe hökmünde öwrenýärler. Dünýäniň ylmy jemgyýetçiliginde hem nygtalyşy ýaly, Arkadag şäherinde ylmyň iň soňky gazananlarynyň netijeli ornaşdyrylyşy ony geljegiň şäheri adyna eýe edýär.
Ýeri gelende bellesek, Milli Liderimiziň nesihatlary esasynda Arkadag şäheriniň Köpetdagyň etegindäki ajaýyp giňişlikde gurulýandygy nazara alnyp, bu ýerleriň tebigy gözelligini saklap galmak üçin «ýaşyl» tehnologiýalary giňden ulanmak boýunça uly işler amala aşyrylýar.
Halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin beýik işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, işleri hemişe rowaç bolsun!
Göwher Soltanowa,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň
Ykdysadyýet we sanly tehnologiýalar fakultetiniň mugallymy.