TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Arkadag şäheri: döwlet ähmiýetli şäher

Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda ýaňy-ýakynda döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk ýagdaýy berlen Arkadag şäheri mynasybetli metbugat brifingi geçirildi.

Metbugat brifingine daşary ýurtlaryň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň, halkara we sebit guramalarynyň ýolbaşçylary, daşary ýurtlarynyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we ýerli metbugat neşirleriniň habarçylary gatnaşdy.

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň hem çagyrylan metbugat brifinginde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow Arkadag şäheri barada giňişleýin maglumat berdiler.

ARKADAG ŞÄHERI – TÜRKMENISTANYŇ HALKARA MERKEZINE ÖWRÜLER

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow öz çykyşynda golaýda kabul edilen  “Arkadag şäheri hakynda” Kanun barada maglumat berdi. Hususan-da, bu kanundaky käbir maddalara üns çekildi.

Türkmenistanyň gadymy hem-de taryhy künjekleriniň birinde gurulýän Arkadag şäheriniň täze kanunda bilen döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk ýagdaýy bilen berkidilendigini bellendi.

Hususan-da,  bu kanunda şäheriň ilaty hem-de Arkadag şäheriniň ýerine ýetiriji häkimiýeti barada durlup geçildi.

Daşary işler ministri Raşid Meredow bu şäheriň Türkmenistanyň ýaşlarynyň şäherine öwrüljekdigini belläp, golaýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda geçirilen mejlisde bu şäheriň edara-kärhanalaryna ýolbaşçylaryň bellendigini belläp, olaryň aglabasynyň ýaşlardan ybaratdygyny mälim etdi.

ARKADAG ŞÄHERI: EKOLOGIÝA WE “AKYLLY ŞÄHER” UGRY BILEN TAPAWUTLANÝAR

ürkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow Arkadag şäheriniň ekologiýa we “akylly şäher” jähtden artykmaç hem-de ähmiýetli taraplary barada durup geçdi.

Şoňa laýyklykda, täze we döwrebap şäheriň taslamasy düzülende onuň ekologiýa taraplarynyň içgin öwrülendigi bellenildi. Esasan hem şäheriň ekologiýa taýdan arassa şäher bolup durýandygy, onuň daş-töwereginiň dürli agaçlar bilen gurşalandygyny aýdyldy.

Şeýle hem Köpetdagyň eteginde ýerleşýändigi üçin dagdan gelýän şemaly yssy döwürde şäheriň howa derejesini pese düşürmek üçin ulanmak babatda has ähmiýetli boljakdygy bellenildi.

Şäheriň “akylly şäher” konsepsiýasy barada aýdylanda bolsa, şäheriň ähli ugurlarda täze tehnologiýalardan peýdalanmak üçin tagalla edildigi aýdyldy. Şäheriň jemagat hojalygy hyzmatlary – suw, elektrik togy we tebigy gaz üpjünçiliginde ortudylan enjamlar dürli ýagdaýlar emele gelende awtomatiki usulda duýduryş bermek artykmaçlygyna eýedir.

Şeýle hem şäheriň gurluşygynda sagdyn durmuş ýörelgesine hem berk eýerilipdir. Birnäçe kilometre uzap gidýän welosport ýoly, şeýle ýaşaýyş jaý toplumlarynda seýilgähler, sport toplumlar we beýleki kömekçi desgalar göz öňünde tutuldy.

Mundan başga-da, ekologiýa taýdan arassa şäherde elektrikli awtobuslar hem-de elektrikli ulaglar hereket eder.

Metbugat brifingde sorag-jogap hem alşylyp, daşary ýurtly diplomatlar özlerini gyzyklandyran sowallary berdiler.

Diplomatlar şäheriň ilat we onuň ikinji tapgyrlary barada sowal bilen ýüzlendiler. Şäheriň ilatyň 70 müň adamdan gowrak bolar we ilkinji tapgyrda 40 müňden gowrak ilatyň ýerleşdirimegi meýilleşdirilýär.

Şeýle hem onuň ikinji tapgyry üçin taslamalaryň üstünde işlenilip, olar boýunça ýakyn wagtda halkara bäsleşikler yglan ediler.

Arkadag şäheriň halkara merkeze öwrüljekdigi bellenilip, bu ýerde dürli halkara derejesindäki çäreleri guramak göz öňünde tutulyp bilner.

Şeýle hem brifingde daşary ýurtly diplomatlara we halkara guramalara Arkadag şäherinde dürli derejedäki bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin hyzmatdaşlyk etmäge çagyryldy.

Arkadag şäheri bilen dünýäniň dürli ýurtlarynyň şäherleri bilen doganlaşan şäher hyzmatdaşlygyny ýola goýmak üçin hem mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherini ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi

Tebigaty goramak — halkara tagallalary birleşdirmegiň möhüm ugry

Türkmenistanyň Prezidenti Şwesiýanyň Patyşasyny gutlady

Teswirle