TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Arkadag şäheri BMG-niň merkezi binasynda tanyşdyryldy

Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýork şäherindäki merkezi binasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň galyndylaryň derejesini nola ýetirmek boýunça ýokary derejeli duşuşyk geçirildi. Oňa Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Başimowanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy.

BMG-niň Baş Assambelýasynyň 77-nji mejlisiniň wise-başlygy bolup durýan Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde geçirilen duşuşyga BMG-niň Baş sekretary Antonio Guterriş. Türkiýe Respublikasynyň baş hanymy Emine Ärdogan, BMG-niň ilatly nokatlar boýunça Maksatnamasynyň (BMG-Habibat) ýerine ýetiriji direktory Maýmunah Mohd Şarif, agza ýurtlaryň ýokary derejeli wekiliýetleri, BMG-niň düzümindäki ýöriteleşdirilen degişli düzümleriň ýolbaşçylary gatnaşdy.

Şeýle hem şol gün Türkiýe Respublikasynyň hökümetiniň goldamagynda BMG-Habibat we daşky gurşawy goramak boýunça BMG-niň Maksatnamasynyň gurnamagynda Galyndylaryň nol derejesiniň halkara güni mynasybetli geçirilen çärelere gatnaşdy.

Bu çärede ýaňy-ýakynda döwlet ähmiýetli şäher derejesine eýe bolan Arkadag şäheri tanyşdyryldy. Hususan-da, şäherde ulanylýan häzirki zaman galyndy däl tehnologiýalary, “akylly” ulag we aragatnaşyk ulgamlaryny we daşky gurşawyň innowasion çözgütlerini görkezmäge aýratyn üns berildi.

Arkadag şäheriniň Türkmenistanyň ilkinji “akylly şäher” konsepsiýasyna laýyklykda gurlan iri hem-de döwrebap şäheridigi bellenildi.

Gatnaşyjylara hödürlenen suratly şekillerden görnüşi ýaly, şäheriň häli ulgamynyň “akylly” enjamlar bilen dolandyrylýandygy, jemagat hyzmatlarynyň ýörite enjamlar bilen ornaşdyrylmagy bilen ähli ýagdaýlaryň gözegçilik edilýändigi mälim edildi.

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekiliýeti Newa halkara ekologiýa kongresine gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Arkadag şäheriniň ýerli býujeti taýýarlanýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygynyň Russiýa sapary

Ata Watan Eserleri

Teswirle