TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Arkadag şäheri – bagtyň şäheri

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzy syýasy, ykdysady we medeni taýdan ösdürmekde, binagärlik we şähergurluşyk işini ýokary derejelere ýetirmekde, döwrebap obalary, şäherçeleri gurmakda, durmuşymyzyň ähli ugurlaryna sanly ulgamy, ýokary tehnologiýalary ornaşdyrmakda, sebitleri hemmetaraplaýyn ösdürmekde, her bir raýatyň abadan durmuşyny üpjün etmekde buýsanja mynasyp işler durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy hem-de Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary esasynda bina edilýän Arkadag şäheri şeýle ajaýyp işleriň anyk subutnamasydyr.

Arkadag adyny buýsanç bilen göterýän täze şäheriň birinji tapgyrynyň gurluşygynyň tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan we onuň açylyş dabarasyna ykjam taýýarlyk görülýän häzirki günlerde hormatly Prezidentimiz tarapyndna gol çekilen resminamalara laýyklykda, Arkadag teleýaýlymy, Arkadag gazeti hem-de Arkadag futbol topary döredildi.

Dag eteginiň gözel künjeginde bina edilýän Arkadag şäheri täze taryhy döwrümiziň döredijilik keşbiniň özboluşly beýanydyr. Bir-birinden owadan ymaratlar, akylly öýler, seýilgähler, aýna ýaly tekiz ýollar we beýleki gözellikler täze şäherde ýaşajak ildeşlerimiziň hyzmatynda bolar. Täze şäherde ýaş nesliň döwrebap bilim-terbiýe almagy, hünär öwrenmegi, zähmet çekmegi we ilhalar adamlar bolup ýetişmegi babatynda göz öňüne tutulýan amatlyklar buýsanjymyza buýsanç goşýar.

Arkadag şäheri Diýarymyzyň iri ylym-bilim medeni we halkara merkezine öwrüler. Onuň gurluşygynda binagärligiň we şäher gurluşygynyň öňdebaryjy usullary, “akylly” şäher konsepsiýasynyň kadalary, “ýaşyl” tehnologiýalar işjeň ulanylýar. Munuň özi Arkadag şäheriniň Türkmenistanyň kanunçylygyndaky ähmiýetini hukuk taýdan berkitmek meselesine seredilmegini şertlendirdi. Şunuň bilen baglylykda, Milli Liderimiziň teklipleri nazara alnyp, “Arkadag şäheri hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy işlenip taýýarlanyldy we hormatly Prezidentimiziň tassyklamagy bilen, ol şu ýylyň 24-nji martyndan güýje girizildi.

Arkadag şäherine ýurdumyzyň taryhynda ilkinji gezek döwlet ähmiýetli şäher aýratyn hukuk derejesi berildi. Bellenilişi ýaly, bu “akylly” şäheri gurmak pikiri we onuň döwletimiziň syýasy kartasynda peýda bolmagy dünýä jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döredýär. Şunuň bilen baglylykda, geçen ýylyň aýagynda we şu ýylyň ilkinji aýlarynda Arkadag şäherine dürli halkara guramalaryň wekilleri hem gelip gördüler. Şunda şäheriň gurluşyklarynyň taslamalary we onuň smart ulgamlarynyň programmalary işlenip taýýarlanylanda, bu işlere ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň we ýaş hünärmenleriň çekilendigini bellemek gerek. Munuň özi häzirki döwürde ýaşlara Diýarymyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmelere gatnaşmak we ukyp-başarnyklaryny durmuşa geçirmek üçin giň mümkinçilikleriň döredilendigini görkezýär.

Halkymyzda ýol, köpri gurmak, bina galdyrmak sogap iş hasaplanýar. Bu düşünje asyrlaryň dowamynda sünnälenip, asylly ýörelgä öwrülip, milli gymmatlyk hökmünde biziň günlerimize ýetip gelipdir. Ata-babalarymyzyň döwletlilik ýörelgelerine uly sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde bu gün sebitde deňi-taýy bolmadyk täze, döwrebap şäher döredi. Watanymyzyň, halkymyzyň beýik geljegine gönükdirilen döwletli tutumlar ildeşlerimiziň her biriniň kalbynda buýsanç, guwanç duýgusyny döredýär.

Begençdurdy Saparow, 

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň

Fizika we elektrotehnika kafedrasynyň mugallymy. 

Ýene-de okaň

Arkadag şäheri – beýik taslamalaryň çäginde

Welosiped ─ bu hereketiň nyşany

Ata Watan Eserleri

Sanly ulgamyň giň mümkinçilikleri

Teswirle